Ï «Мaksada okgunly» hususy kärhanasy: hind towugynyň etinden täze önümler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Мaksada okgunly» hususy kärhanasy: hind towugynyň etinden täze önümler

view-icon 4751
«Мaksada okgunly» hususy kärhanasy: hind towugynyň etinden täze önümler

«Maksada okgunly» hususy kärhanasy ilkinji bolup hind towugynyň etinden gaplanan önümleri öndürmegi özleşdirdi. Kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrapynda ýerleşýär.

Awtomatlaşdyrylan önümçilikde häzirki wagtda hind towugynyň etiniň üç görnüşi öndürilýär. Olar guş etiniň dürli böleklerinden – butlaryndan, döşlerinden, süňklerinden taýýarlanylýar we tagamy güýçlendirijisiz hem-de beýleki emeli goşundylarsyz önüm ýagdaýyna getirilýär.

Gaplanan önümler uzak wagt saklanmaga niýetlenendir. Olary gyzdyrylmadyk ýagdaýynda hem, gyzdyrylyp hem ulanmak bolar. Önümleri gaplamak üçin niýetlenen aýna gaplar «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasynda taýýarlanylýar.

Hususy kärhananyň ýolbaşçysy Maksat Ibragimow uzak wagtlap saklanmaga niýetlenen, ýokumly we berhizlileriň hem ulanyp biljek önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Täze zawodda çaga we gipoallergen iýmitleri hem-de hind towugynyň etinden gaplanan şöhlat we beýleki ýokumly önümleri öndürmek meýilleşdirilýär.

«Maksada okgunly» hususy kärhanasy ýurdumyzda ilkinji bolup hind towugynyň ýumurtgasynyň importyny guran we häzirki wagtda hind towugyny ösdürip ýetişdirip, guş etini senagat taýdan gaýtadan işlemegi ýola goýan ilkinji kärhanadyr.

Öz wagtynda Maksat Ibragimow tarapyndan teklip edilen iş taslamasy kärhananyň gurluşygy we önümçiligi üçin ýeňillikli krediti peýdalanmakda uly geljegi bolan iş hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanawyna girdi.

Döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli serişdeleriň hasabyna ussahanalar guruldy we Belgiýada öndürilen dört sany innowasion kärhana satyn alyndy, bu bolsa ýylda 730 müň hind towugyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, telekeçiler Germaniýada öndürilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 22 sany ýokary tehnologiýaly guş ketegini gurdular.

Kärhananyň gassaphanasy Fransiýa, Belgiýa, Polşa we Italiýa döwletlerinde öndürilen enjamlar bilen üpjün edildi.

Awstraliýadan gelen ýörite enjamlaryň kömegi bilen bu ýerde towugynyň etini gaýtadan işlemek işleri amala aşyrylýar we önümler nemes tehnologiýasyna laýyklykda gaplanýar, bu bolsa önümleri sowadylan görnüşde 10 – 15 gün saklamaga mümkinçilik berýär.

Kärhana hindi towuklary üçin ýörite iýmiti hem özi taýýarlaýar.

Häzirki wagtda guş etiniň önümçiligi hususy hojalyklaryň hem, hususy kärhanalaryň hem eýelerinden öwgüli sözlere mynasyp bolýar.

Kärhananyň hünärmenleri guşçulary taýýarlamak boýunça ýörite okuw ulgamyny işläp düzdüler.

Kärhana inkubatorda çykarylan we ýerli howa şertlerine uýgunlaşan jüýjeler bilen oba hojalykçylary üpjün edýär, bu bolsa ýurdumyzda guşçulygyň has-da ösmegine oňaýly täsirini ýetirýär.