Ï Türkmenistanyň mugallymlary hünärlerini ýokarlandyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň mugallymlary hünärlerini ýokarlandyrýarlar

view-icon 4257
Türkmenistanyň mugallymlary hünärlerini ýokarlandyrýarlar

Türkmenistanda mugallymlaryň we çagalar baglarynyň terbieçileriniň hünär boýunça bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen usulyýet we amaly okuwlar geçirilýär.

Şeýlelikde, mugallymlar gyş dynç alyşlarynda nazary we amaly bilimlerini kämilleşdirýärler. Mugallymçylyk işiniň täze usullaryny öwrenýärler, şeýle hem kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar.

Şu günler geçirilýän okuwlary, hünäri uly tejribesi bolan mugallymlar we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar edaralarynyň tejribeli terbiýeçileri alyp barýarlar.

Öwrediş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesil üçin aýratyn bilim maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak geçýän dersleriň iň möhüm mowzuklarydyr. Mundan başga-da, çagalar baglarynyň işgärleri mekdebe çenli çagalaryň terbiýesi we çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak barada pikir alşarlar.