Ï Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

view-icon 3108

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük ýerlenildi, bu önümi Azerbaýjanyň telekeçileri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri jemi bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.