Ï Türkmen kärhanasy çaga welosipedini öndürip başlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kärhanasy çaga welosipedini öndürip başlar

view-icon 5787
Türkmen kärhanasy çaga welosipedini öndürip başlar

«Türkmen şöhle» HJ ýakyn wagtda çaga welosipedini we polipropilen oturgyç öndürip başlar. Welosipedler 3 – 5 ýaş aralygyndaky çagalar üçin niýetlenip, «Şöhle plastik» ýarlygy astynda öndüriler.

«Türkmen şöhle» kärhanasy plastmassa önümlerini öndürmekde ýöriteleşýär. Şeýlelikde, bu kärhana öňdebaryjy Hytaý kompaniýasynyň ýokary hilli enjamlaryny ulanmak bilen, plastik hojalyk harytlarynyň dürli görnüşini we çaga oýnawaçlaryny öndürýär.

Şeýle hem bu kärhana ýurdumyzdaa ilkinji bolup, laminat önümçiligini ýola goýdy. «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem halkara bazarynda-da meşhurdygyny bellemelidiris. Bu önümler Russiýa, Gazagystana we Belarus Respublikasyna eksport edilýär.