Ï Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni bellenildi

view-icon 4950
Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni bellenildi

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde her ýyl 10-njy ýanwarda bellenilýän Bütindünýä hindi dili gününi baýram etdi.

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Widhu Pithambaran Nairiň gatnaşmagynda geçirilen çärä hindi dilini öwrenýän 200 talyp gatnaşdy. Baýramçylygyň çäginde talyplar hindi dilinde goşgy okadylar, hindi tanslaryny ýerine ýetirdiler we «Kim bilmeşek!» oýnuna gatnaşdylar.

Myhmanlar hindi dilindäki kitaplar we dünýäde meşhur bolan milli hindi lybaslary bilen tanyşdylar. Bütindünýä hindi dili güni ony dünýä ýaýmak üçin bellenýär.

Häzirki wagtda tutuş Hindistan ilatynyň takmynan 40%-i gündelik durmuşda hindi dilinde gürleşýär. Günorta Afrika, Mawrikiý, Täze Zelandiýa, Surinam, Fiji, Nepal hem Trinidad we Tobago ýaly birnäçe daşary ýurtda-da hindi dilinde gürleşilýär.

«Iňlis Rajasy» häkimiýeti döwründe Hindistanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşenleriň ony giňden ýaýradanlygy sebäpli, hindi diline köplenç «Agzybirlik dili» diýilýär. Görnükli syýasatçy we azatlyk ugrunda göreşiji Mahatma Gandi hindi dilini aragatnaşyk dili we halkyň köpçülikleýin sesiniň dili hökmünde ulanylmagyny makullaýardy.