Ï Türkmenistanda ýaşlaryň innowasion başlangyç taslamalarynyň bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýaşlaryň innowasion başlangyç taslamalarynyň bäsleşigi geçirildi

view-icon 2983

Aşgabatda ýaşlaryň innowasion başlangyç taslamalarynyň tamamlaýjy bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşiginiň «Ekoulgam başlangyjy – 2022» maksatnamasynyň we USAID-iň Häzirki zaman hünär endiklerini ösdürme taslamasynyň (YDA) çäginde geçirildi.

Tamamlaýjy tapgyra akademiki tapgyrdan we maksatnamany tizleşdirme tapgyryndan üstünlikli geçen, şeýle hem ýarymfinal ýaryşlarynda birinji we ikinji orunlary eýelän başlangyç taslamalar gatnaşdyryldy.

Hödürlenen taslamalaryň arasynda «Müşkli ördekler», «Janly toprak», «MasterTam», «Bol hasyl» başlangyç toparlary we başgalar bar.

Aýry-aýrylykda finala çykmadyk we halypalyk edýän degişli kompaniýalar tarapyndan «InnoPitch – 2022» bäsleşigine gatnaşmak üçin saýlanan taslamalar hem hödürlendi.

«InnoPitch – 2022» başlangyç taslamalaryň tanyşdyryş bäsleşigi 3 + 3 formula boýunça geçirilýär, ýagny her başlangyç toparyna öz taslamasyny görkezmek üçin 3 minut, emin agzalarynyň we maýadarlaryň pikirlerini almak üçin-de 3 minut berilýär.