Ï Lebap welaýatynda azyk önümlerini öndürmegiň depgini ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda azyk önümlerini öndürmegiň depgini ýokarlanýar

view-icon 4077
Lebap welaýatynda azyk önümlerini öndürmegiň depgini ýokarlanýar

Lebap welaýatynyň telekeçileri döwletimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, azyk önümlerini öndürmegiň depginini has-da ýokarlandyrýarlar. Munuň şeýledigini tamamlanan 2022-nji ýylyň görkezijileri bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Geçen ýylyň dowamynda welaýatyň hususyýetçileri 491,13 tonna konditer önümlerini taýýarlamaklygy başardylar. Bu bolsa ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 67 tonna ýakyn önümiň köp öndürilendigini aňladýar.

Ýylyň dowamynda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Daýançly zaman» hojalyk jemgyýetiniň 136 tonna golaý, «Paýtun» hususy kärhanasynyň 81 tonna ýakyn, Çärjew etrabynda ýerleşýän «Ata miras» hususy kärhanasynyň hem 66 tonna golaý konditer önümlerini öndürip, halkymyzyň bereketli desterhanlaryny bezemeklige has uly goşant edendiklerini belläp geçmek bolar.

2022-nji ýylda welaýatyň hususyýetçileriniň 245,76 tonna et öndürendiklerini, bu görkezijiniň şondan bir ýyl öňki netijeler bilen deňeşdirlende ep-esli artykdygyny aýdyp geçmek hem buýsançlydyr.

Tamamlanan ýylyň dowamynda söwda nokatlaryna gündogar sebitiň telekeçileri tarapyndan şöhlat we şöhlat önümleriniň 221,65 tonnasy iberildi. Welaýatyň dükanlarynda we ak bazarlarynda ilatyň höwes bilen satyn alýan bu azyk önümleriniň 79,06 tonnasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Sergeý Kulýapiniň ýolbaşçylyk edýän «Welantes» hususy kärhanasynyň hem-de 69,20 tonnasynyň telekeçi Aýymjan Rawşanowa degişli «Yşgyn» hususy kärhanasynyň taýýarlamaklary bu ýerlerde işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Telekeçi Rozymyrat Töräýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Müň däne» hususy kärhanasynyň öndürýän «Saglyk» hil nyşanly çörek we çörek önümleri hem alyjylaryň arasynda uly islege eýedir. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem ugradylýan bu önümiň geçen ýylyň dowamynda 670 tonnadan gowragy öndürilip, alyjylara hödürlendi.