Ï Halyçylyk kesbiniň şöhraty belende göterilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halyçylyk kesbiniň şöhraty belende göterilýär

view-icon 3622
Halyçylyk kesbiniň şöhraty belende göterilýär

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylyk kesbini ösdürmäge döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň hemme sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda ýetilen sepgitler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Has takygy, geçen gysga döwürde welaýatyň Esenguly şäherinde 300 orunlyk, Gyzylarbat şäherinde 500 orunlyk, Bereket şäherinde bolsa 120 orunlyk täze çeper halyçylyk kärhanalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizildi.

Döwletimiziň özleri barada edýän irginsiz aladalaryna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýän «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçy gelin-gyzlarynyň ýylyň-ýylyna gazanýan ýokary önümçilik görkezijileri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde tejribeli halyçy gelin-gyzlaryň dokaýan nepis haly we haly önümleriniň ählisem içerki hem daşarky bazarlarda uly isleg bilen satyn alynýar.

Geçen ýylyň jemi boýunça bu ýerde 2280 inedördül metre derek 2724 inedördül metre barabar dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleri dokaldy. Munuň özi, geçen döwürde öndürilen önümleriň maliýe hasabyndaky möçberiniň hem ep-esli derejede artyk bolandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda hem gyzylarbatly halyçylar gadymdan galan nusgalary dikeltmekde, halylara döwrebap öwüşgin berip, täze-täze nagyşlary, gölleri döretmekde öz ussatlyklaryny gaýgyranoklar. Olar uly buýsanç bilen başlanan täze ýyly görnükli zähmet görkezijilerine beslemek maksady bilen has-da döredijilikli, tutanýerli zähmet çekýärler.