Ï Pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär

view-icon 4015
Pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde we ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde uly goşant goşýar. Şu günler «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde bu hojalyk jemgyýeti öz ýyladyşhanalarynda öndürilen pomidorlary ilata 1 kg – 2 manat bahasyndan hödürleýär.

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Mahmal» haryt nyşanly pomidorlaryň aýda 200 tonnasy içerki bazarlarymyza ýaýradylýar. Pomidorlaryň 1,5-2 müň tonnasy bolsa Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan we Gyrgyz Respublikalaryna ugradylýar.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän hojalyk jemgyýetine döwlet tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen bir müň gektar ýeriň 34 gektarynda ýyladyşhana hojalygy ýerleşip, ol ýerde pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. 2019-njy ýylyň fewral aýynda işe girizilen Ýyladyşhana toplumynda tehnologiýalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen.