mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda

view-icon 7172

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde öz ösüş ýoly bilen häzirki zaman we kuwwatly döwlet hökmünde okgunly öňe gitmeginde we döwletliligiň milli nusgasyny döretmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren, adyl, adalatly, öňdengörüji, parasatly, ynsanperwer garaýyşlary bilen halk içinde ägirt uly abraýdan peýdalanýan, halkyň çäksiz sylagyna, hormatyna eýe bolan görnükli şahsyýetleriň jemgyýetdäki ornuna uly ähmiýet bermek bilen, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanýan hem-de häzirki zaman jemgyýetinde durmuş hakykatyna we halkymyzyň erk-islegine laýyk gelýän şu Konstitusion kanun türkmen halkynyň Milli Liderini ykrar edýär, syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

1-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik işinde, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde uzak ýyllaryň dowamynda işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetimiziň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň, uly hormatynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde görnükli hem abraýly döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde milli hem-de halkara derejede ykrar edilen döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanun esasynda ykrar etmeli.

2-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şulara hemişelik hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň hem-de howpsuzlygynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkyna ýüzlenmäge, döwlet edaralaryna, şeýle hem wezipeli adamlara degişliligi boýunça seredilmegi hökmany bolan başlangyçlar bilen çykyş etmäge;

2) Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meselelere garalanda, kanunçylyk namalary ara alnyp maslahatlaşylanda çykyş etmäge;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer taýdan ösdürmegiň ugurlaryna degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende, möhüm ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda gatnaşmaga, teklipleri bermäge, öz garaýyşlaryny beýan etmäge;

4) Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň maslahatlarynda we gurultaýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet berkararlygyny üpjün etmek, adalatly, parasatly, öňdengörüjilikli we ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, maşgala agzybirligini, ýaşlaryň milli däp-dessurlary hormatlamak, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk syýasatyny, hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini hem-de ynsan mertebesini belende galdyrmaklygy göz öňünde tutýan wagyz-nesihatlary bilen, şeýle hem syýasy-jemgyýetçilik çagyryşlary bilen çykyş etmäge.

3-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideri we onuň maşgala agzalary eldegrilmesizlik hukugyna eýedirler.

Eldegrilmesizlik hukugy onuň eýeçiligine we maşgala agzalarynyň eýeçiliginde duran emläklere hem degişli bolup durýar.

4-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň işini üpjün etmek döwletiň ygtyýarly edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Liderine gulluk, ýaşaýyş, durmuş, ulag, aragatnaşyk, lukmançylyk, şypahana we beýleki hyzmatlaryň edilmegi, şeýle hem maddy taýdan üpjünçiligi ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

5-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar.

6-njy madda. Türkmen halkynyň Milli Liderine onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, şeýle hem onuň maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.

7-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öz işini päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň hem-de mertebesiniň goralmagy döwlet tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kanuny işine päsgelçilik berilmegi, onuň kemsidilmegi, abraýyna we mertebesine garşy hereket edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

8-nji madda. Şu Konstitusion kanunda göz öňünde tutulan çykdajylary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

9-njy madda. Şu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwary.