Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 5437

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 3-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jinsi matalaryny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy.

Şeýle hem manat serişdelerine hindistanly işewürler, bahasy 1 million 684 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.