Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebi we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamanyň ikinji möwsümine gatnaşjaklar nobatdaky gezek duşuşarlar.
Bäsdeşleriň üçünji oýny şu ýylyň 21-nji fewralyna meýilleşdirilipdir. Ol «Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary» temasyna bagyşlanar. Bu oýnuň temasyndan ugur almak bilen, taslamanyň guramaçylary oňa gatnaşjaklara degişli edebiýatlar bilen tanyşmagy maslahat berýärler. Onuň giňişleýin sanawy Daşary işler ministrliginiň HGI-niň resmi saýtynyň bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir.
Teklip edilýän edebiýat oýna gatnaşjaklara taýýarlyk döwründe bilimlerini artdyrmaga we Gadymy Müsüriň, Wawilonyň, Sumer we Akkad döwletleriniň gyzykly taryhy, diplomatik däpleri, medeniýeti, syýasaty bilen has ýakyndan tanyşmaga kömek eder.
Mundan başga-da, ýokary diplomatiýa mekdebinde oýunçylary üçünji duşuşyga taýýarlamagyň bu tapgyrynda okuwlar guralyp, netijeli geçirildi. Onuň çäginde mekdep okuwçylary işjeňlik we bilesigelijilik görkezip, Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatik mirasy barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara doly jogap aldylar. Ýokary synp okuwçylary üçin taryh sapagyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri geçirdi.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň ikinji möwsüminiň «Gepleşikler parahatçylygyň kepilidir: gadymy döwrüň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy temada geçirilendigini ýatladýarys. Bu möwsüm dört oýundan ybarat bolup, olaryň hersine 16 adam gatnaşýar. Iň güýçli we iň başarnykly oýunçylar akyl-bilim taslamasynyň soňky synaglarynda duşuşarlar.