Ï Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine

view-icon 2751

Türkmenistanyň diplomatik
gullugynyň hormatly işgärleri!

Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün edýän we goraýan ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri öňde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz we döredijilikli zähmet çekýärler. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny hem-de dünýädäki oňyn täsirini güýçlendirmek üçin ýetilmeli belent sepgitler kesgitlenildi. Aýratyn-da, sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde siziň mynasyp goşantlaryňyzy goşjakdygyňyza pugta ynanýaryn.

Hormatly diplomatlar!

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda oňyn bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine we Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işleşmegi hem Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär. Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleri we ählumumy häsiýete eýe bolan başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ulgamyndaky möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi döwletimiziň bu abraýly gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýediginiň nyşanydyr.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da artdyrýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Bu bolsa Bitaraplygyň mizemez ýörelgeleriniň dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine itergi berýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň diplomatik
gullugynyň işgärleri!

Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk, söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talaplar bildirilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly halkara gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň giňeldilmegine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşjakdygyna uly ynam bildirýäris. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly diplomatik
gullugyň işgärleri!

Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwletimiziň milli bähbitlerini goramak hem-de dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.