Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 7070

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

1. 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky «Iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 9, 77-nji madda) 1-nji maddasynda «altyn medaly» diýen sözleri «altyn nyşany» diýen sözlere çalşyrmaly. 

2. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at hakynda Düzgünnamanyň (2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 24-nji madda) üçünji we altynjy böleklerinde «altyn medaly» diýen sözleri «altyn nyşany» diýen sözlere çalşyrmaly. 

3. 1999-njy ýylyň 15-nji sentýabryndaky «Altyn Aý» medalynyň ýazgysynyň täze redaksiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 3, 44-nji madda) adynda we birinji böleginde «medalynyň» diýen sözi «nyşanynyň» diýen söze çalşyrmaly;

şol Kanun bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Altyn Aý» medalynyň ýazgysynda (2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 147-nji madda) «medalynyň», «medaly», «Medalyň» we «Medal» diýen sözleri degişlilikde «nyşanynyň», «nyşany», «Nyşanyň» we «Nyşan» diýen sözlere çalşyrmaly.

4. 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 93-nji madda; 2017 ý., № 3, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 91-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 47-nji madda, № 4, 132-nji madda; 2022 ý., № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda):

6-njy maddanyň birinji böleginde, 7-nji maddanyň mazmunynda «medaly» diýen sözi «altyn nyşany» diýen söze çalşyrmaly;

9-njy maddanyň 1-nji bendini aýyrmaly;

2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji, 9-njy, 10-njy we 11-nji bentleri degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji, 9-njy we 10-njy bentler diýip hasap etmeli. 

5. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Türkmenistanyň «Altyn Aý» medalynyň ýazgysyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 147-nji madda) «medalynyň» diýen sözi «nyşanynyň» diýen söze çalşyrmaly.

II. Şu Kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 11-nji iýuly.