Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Akylly şäher ýörelgesinde «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň wajyplygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä alymlar, ýokary okuw mekdepleriň we ylmy merkezleriň mugallymlary gatnaşdylar.
Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanyndaky Wodorod energetikasy merkeziniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ulag-logistika ylmy merkeziniň wekilleri çykyş etdiler.
Çärede çykyş edenler durnukly ösüş ýörelgelerini we Türkmenistanyň ilkinji «akylly» Arkadag şäheriniň mysalynda «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy barada gürrüň edip, amatly şäher gurşawyny döretmekde daşky gurşawy gowulandyrmagyň ähmiýetini bellediler.
Arkadag şäheri özüniň özboluşlylygyny, döwrebaplygyny, şeýle hem «ýaşyl» strategiýasyna ygrarlylygydygyny tassyklaýan ençeme güwänamalara mynasyp boldy.
Senagatdaky innowasiýalardan başlap, dolandyryş innowasiýalaryna çenli köp sanly meseleleri çözmek üçin dürli tehnologiýalary ulanmak akylly şäherleriň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň gurallarynyň biridir.
«Ýaşyl» (serişde tygşytlaýjy we ekologiýa gönükdirilen) tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durmuş-ykdysady ösüşe, uzak möhletleýin geljek göz öňünde tutulyp, daşky gurşawyň amatly ýagdaýyny we tebigy-serişde mümkinçiligini gorap saklamak meselelerini deňagramly çözmäge gönükdirilendir.
2022–2052-nji ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi hem şu maksatlara eýerýär.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini toplamak we ylmy taýdan seljermek boýunça işler dowam edýär. Türkmenistanyň dürli sebitleriniň şertlerinde olaryň mümkinçiligini öwrenmek we göz öňünde tutmak boýunça ylmy işler alnyp barylýar.
«Akylly» şäherleriň kemala gelmeginde ýaşaýşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan «ýaşyl» tehnologiýalaryň ähmiýeti çalt depginlerde artýar.
Häzirki wagtda täze Arkadag şäheri Merkezi Aziýada başdan we tutuşlygyna durmuş üpjünçilik ulgamlary elektron ulgamlary arkaly dolandyrylýan ýeke-täk şäherdir. Şäherdäki ähli düzümler energiýa tygşytlaýjylardyr. Bu ýerde zyýanly zyňyndylary howa goýbermeýän we elektrik enjamly işleýän elektrik awtobuslar hem-de elektrik awtoulaglar ýaly ekologiýa taýdan arassa jemgyýetçilik ulaglary ulanylýar.
Binalaryň ählisinde elektron dolandyryş ulgamlary hereket edýär. Her öý «akylly öý» ýörelgesine laýyklykda dolandyrylýar.
Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, şäher hojalygynyň sanlylaşdyrylmaga geçirilmegi ilat üçin durmuşyň amatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen şäher hyzmatlarynyň hiliniň we önümçiliginiň artmagyna ýardam edýär.
Türkmen halkynyň abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda özgertmeleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesine laýyklykda amala aşyrylýar.