Ï Türkmenistanda robot bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda robot bäsleşigi geçiriler

view-icon 6137
Türkmenistanda robot bäsleşigi geçiriler

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň 97-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda bilim robotçylygy boýunça bäsleşik geçiriler. Bäsleşik şu ýylyň 23-24-nji sentýabrynda geçiriler.

Ony guraýjylar Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bolup durýar.

Şeýlelik bilen, mekdep okuwçylary myhmanlary öz ýasan robotlary bilen tanyşdyrarlar we ylmy taslamalary hödürlärler.

Bäsleşik alty ugurda geçiriler: Robot Race - robot ýaryşy; «Manual Sumo»; «Auto Sumo»; «Mars Rover» - päsgelçilikli robot ýaryşy; «Line Follower» - ak fonda gara çyzyk yzarlaýan robot ýaryşy; STEM dersleri boýunça ylmy taslamalar.

Interaktiw okuw usullary mekdeplerde okuwyň hilini ýokarlandyrmak üçin esasy guraldyr.

Bu döwrebap pedagogiki usullaryň biri hem bilim robotlarydyr.

Şu nukdaýnazardan, bilim robotlaryny ösdürmek we durmuşa geçirmek Türkmenistanyň milli bilim syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüş maksatnamasyna laýyklykda, 2022–2028-nji ýyllarda Aşgabatda we welaýat merkezlerinde nano-, bio-, maglumat tehnologiýalarynda we robot önümçiliginde okuwdan daşary bilim üçin tehnologiýa seýilgählerini döretmek meýilleşdirilýär.

Bilim robotlarynyň ösüşi Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we Türkmenistanda tebigy hem-de takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna-da girýär.