Ï BAE-niň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna baryp gördüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BAE-niň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna baryp gördüler

view-icon 4658
BAE-niň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna  baryp gördüler

Bu ýerde «Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek arkaly daşky gurşawy goramak boýunça bilelikdäki tagallalary» atly maslahat geçirildi.

Maslahata Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli, BAE-niň Masdar kompaniýasynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlar düzümi, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler Masdar kompaniýasynyň taslamalarynyň dünýäde we Merkezi Aziýa ýurtlarynda durmuşa geçirilişi barada jikme-jik gürrüň berdiler.

Daşary ýurtly myhmanlaryň sapary we maslahat mynasybetli institutyň esasy binasynda tematiki sergi açyldy. Onda institutyň professorlarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda taýýarlanan ylmy-taslama işleri, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň muzeýiniň gaznasynda saklanýan gymmatlyklar görkezildi.

Ýurdumyzyň energetika institutynda Masdar kompaniýasynyň wekilleriniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi.

Masdaryň BAE-de öňdebaryjy kompaniýadygyny we gaýtadan dikeldilýän energetika we ekologiýa taýdan durnukly ösüş pudagynda dünýäde iň çalt ösýän kompaniýalaryň biridigini bellemek gerek.

Bu ugra ýurdumyzda aýratyn üns berilýär. Senagat gurluşlarynda, ylmy merkezlerde we ýokary okuw mekdeplerinde alternatiw energiýa çeşmelerini özleşdirmek hem-de ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär, bu ýerde fotoelektrik özgerdiji tehnologiýasy, gün energiýasynyň konsentrasiýasy we geliotehnika, bioenergetika we biomassany öndürmek tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, elektrik energiýasyny toplamak tehnologiýasy we ş.m. ugurlarda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Institutda gün fotoelektrik stansiýalaryny ulanmagyň ylmy esaslary, oba hojalygynda gün energiýasyndan peýdalanmak taslamalary işlenilip taýýarlanylýar, gün energiýasy çeşmelerine baha bermek, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanýan biologiki toplumlar üçin taslamalary döretmek boýunça ylmy barlaglar geçirilýär, ýerli şertlerde elektrik energiýasyny toplaýan ulgamlaryň tehniki sypatlaryna analiz berilýär, ýel elektrik stansiýalarynyň aýratynlyklary öwrenilýär we ş.m. işler alnyp barylýar.

Dikeldilýän energetika pudagynda kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak – energetika institutynda ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

Masdar kompaniýasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy hakda aýdylanda bolsa, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň «Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Masdar kompaniýasynyň arasynda kuwwaty 100 megawatt gün fotoelektrik enjamynyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada şertnama baglaşylandygyny bellemek gerek.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde çalt depginlerde ösdürilýär. Türkmen-emirlikler gatnaşyklary, adatça, dostlukly we netijeli häsiýete eýe bolup, ýylsaýyn iki döwletiň hem-de halkyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we abadançylygynyň hatyrasyna täze hil derejesine çykýar.