Ï Ýandak toşabyndan gurak köke: türkmen alymlary peýdaly köke taýýarlamagyň usulyny işläp taýýarladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýandak toşabyndan gurak köke: türkmen alymlary peýdaly köke taýýarlamagyň usulyny işläp taýýarladylar

view-icon 3724
Ýandak toşabyndan gurak  köke: türkmen alymlary peýdaly köke taýýarlamagyň usulyny işläp taýýarladylar

Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi durmuşyň dürli ugurlarynda täze taslamalar we geljegi uly işläp taýýarlamalar üçin hemmetaraplaýyn meýdança öwrüldi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň diwarlygynda ylmy gözlegleriň giň toplumy görkezilýär. Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda bio, nano-maglumat tehnologiýalary, maddalaryň, molekulýar biomateriallaryň, uglewodorod çig mallarynyň we şuňa meňzeşleriň fiziki we himiki taýdan çuňňur öwrenmek boýunça ylmy barlaglar yzygiderli alnyp barylýar.

Bu gün bolsa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen alymlarynyň täze işläp taýýarlanlary görkezilýär.

Azyk önümleriniň tehnologiýasy barlaghanasynyň müdiri Hurma Muhammetgulyýewa:

Ýurdumyzyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalary galyndysyz önümçilik ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda tutanýerli iş alyp barýarlar. Ýakynda biotehnologiýa barlaghanasynyň esasynda döredilen ilkinji peýdaly ýarym taýýar önümler görkezildi. Olar çalt bişýän unaş, gury çorbalar, gury şireler, bakja önümleriniň konsentratlary, kädi we mekgejöwen uny ýaly önümlerdir. Mundan başga-da, gury ýandakdan gury toşap almak tehnologiýasynda üstünlik gazandyk – diýip, gürrüň berdi.

Ýandak gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelýär. Onuň peýdaly sypatlary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda jikme-jik beýan edilýär. Köp jiltli ensiklopedik kitapda dünýäde ýandagyň 10 görnüşiniň ösýändigi, olaryň 4-siniň Türkmenistanda duşýandygy bellenilýär.

Ýandak içilse düwnük çişleriň ösüşini togtadýar, sowuklamalara kömek edýär we bedeni arassalaýar.

Ýandak toşabyndan alnan gurak kökeleriň tejribe nusgalary ýörite usul boýunça taýýarlandy. Organoleptiki usul bilen kökäniň görnüşi, ýokarky gaty, reňki, döwülen görnüşi, tagamy we ysy kesgitlendi. Ylmy barlaglar täze azyk önümleriniň ekologiýa howpsuzlygyna we hil talaplaryna laýyk gelýändigini görkezdi.

Düzüminde antioksidantlar bolan ýandagyň gury toşaby aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini bejermekde we damarlary berkitmekde hem täsirli serişdedir. Şeýle hem bedeniň kesellere durnuklylyk ulgamyny ýokarlandyrmakda-da bejeriş we keseliň öňüni alyş serişdesi hökmünde maslahat berilýär.