Ï Türkmenistanly boksçysy Hançžouda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly boksçysy Hançžouda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy

view-icon 5131
Türkmenistanly boksçysy Hançžouda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy
camera-icon
Aleksandr Werşinin

Türkmen türgeni Baýramdurdy Nurmuhammedow Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIХ tomusky Aziýa oýunlarynda boks ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 21 ýaşly talyby 23 boksçynyň medallar ugrunda bäsleşýän 71 kilograma çenli agram derejesinde ikinji gezek ýeňiş gazandy.

Ozal habar berlişi ýaly, birinji söweşde Baýramdurdy 2023-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan täjigistanly Dawud Mahkamowy 5:0 hasabynda ýeňdi. Ikinjisinde bolsa 2023-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda 9-njy ýeri eýelän palestinaly 19 ýaşly Nidal Fokahaadan üstün çykdy.

Ildeşimiziň rüstemligi tutluşygyň eýýäm birinji raundynda belli boldy. Onda eminleriň bäşisi hem ýeňşi türkmenistanly boksça berdiler. Ikinjisinde B.Nurmuhammedow 29 sekuntda garşydaşyny üç gezek nokdauna iberdi. Şondan soň alžirli emin Sid Ali Mokretari söweşi duruzmaga we aç-açan artykmaçlyk üçin türkmen boksçysyna ýeňiş bermäge mejbur boldy.

Iň bolmanda, bürünç medal almagy kepillendirýän çärýek finalda Baýramdurdy Nurmuhammedow 26 ýaşly Tuguldur Býambatsogt bilen duşuşar. Ol birinji tapgyrda Muhammet Haýbar Nuristani (Owganystan) bilen tehniki nokautda ýeňiş gazanyp, ikinji söweşde bolsa Pirapat Easungnoýeni (Taýland) 5:0 hasabynda ýeňdi.

Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndaky häzirki ýaryşda boksçylar diňe bir medallar üçin däl, eýsem, finalçylara 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk ugrunda hem göreşýärler.

Hançžou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem ýaryş dowam edýär. Erkekleriň arasynda 3x3 basketbol ýaryşynda 4 toparça bölünen 19 topar medal ugrunda bäsleşer, olaryň 3-si indiki tapgyra çykar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bijä görä, «utulan-çykdy» (B) toparça düşdi. Onda Maldiwlerden başga-da Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Eýran ýaly güýçli toparlar bar.

Birinji tapgyrda Maldiwleri 22:2 hasabynda üstün çykan Toýly Baýryýewiň topary Aziýa oýunlarynyň öňdebaryjysy hasaplanylýan Ýaponiýanyň topary bilen oýny deň tamamlady. Duşuşykda türkmen topary 5:0, 10:6, 11:7, 13:12 hasabynda öňe saýlandy. Duşuşyk gutarmazyndan 42 sekunt öňem hasap 15:15-di, duşuşyk haýran galdyryjy netije bilen gutarjaga meňzeýärdi. Emma ýaponlar oýnuň soňky sekuntlarynda tijendiler-de, 19:15 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Toparymyzyň Eýranyň milli ýygyndysy bilen indiki oýnunyň ilkinji minutlaryndan başlap, çekeleşikli göreş başlandy – bäsdeşler bir-birinden yza galmazlyga çalyşýardylar. Şeýle-de bolsa, duşuşygyň ahyrynda eýranlylar has erjel oýnap, 19:13 hasabynda möhüm ýeňiş gazandylar.

Şu gün ýaryşyň başga bir güýçli topary Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen soňky oýun hem ýeňil bolmady. Duşuşygyň gutarmagyna 2 minut 28 sekunt galanda toparymyz aratapawudy 3 utuga (12:15) çenli azaltdy. Emma oýnuň depginini üýtgedip bilmedi. Netijede, 15:19 hasabynda utulan türkmen basketbolçylary Hançžou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda çykyşlaryny tamamlap, toparda 4-nji ýeri eýelediler.

Türkmen sportçularynyň ilkinji topary — bürünç medal gazanan dzýudoçylar topary hem ertir Hançžou şäherinden Watanymyza gaýdyp gelerler.

Ozal habar berlişi ýaly, ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda 57 kilograma çenli agram derejesinde köýtendagly, häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Perdäýewa üstünlik gazandy. Ol dzýudo ýaryşynyň ahyrky güni birinji tapgyrda Isroil Rahimowdan (Täjigistan) üstün çykyp, Muzaffarbek Turoboýewden (Özbegistan) ýeňilen Baýmyrat Mätjanow (agramy 100 kg çenli) bürünç medal ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik gazandy. Emma bu pursatdan peýdalanyp bilmän, Aron Filipp Wolfdan (Ýaponiýa) ýeňildi.

Maýa Perdäýewa Hançžou şäherindäki Türgenler obasyndan gaýdanda ýadygärlik hökmünde Türkmenistanyň wekiliýetiniň bolýan ýerinde gol çekilen köýnekçesini goýup gaýtdy. Toparymyzyň wekilleri, öz gezeginde, ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda zehinli dzýudoçynyň 4–7-nji oktýabr aralygynda Odiwelaşda (Portugaliýa) geçiriljek ýetginjekleriň dünýä çempionatynda Türkmenistan üçin medal gazamagyny arzuw etdiler.