Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň ÝAZGYSY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň ÝAZGYSY

view-icon 6174

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly tegelek görnüşde bolup, onuň merkezi böleginde güberçek görnüşde diametri 28 mm bolan Günüň ýalkym saçyp duran şöhlesi, ýaşyl reňkde Türkmenistanyň kartasy we onuň ýüzünde altynsow reňkde «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy ýerleşdirilen.

Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň merkezi böleginiň daşynda ini 3 mm bolan ak reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň içinde altynsow reňkde Türkmenistanyň kartasynyň daşyny jähekläp duran, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän, «GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASY» diýen ýazgy ýerleşdirilen.

Onuň daşyndaky ini 3 mm bolan tegelegiň içinde düşegi goýy mawy reňk bilen syrçalanan türkmeniň milli nagşy bilen jäheklenen.

Medalyň ini 13 mm bolan daşky tegeleginiň içinde el-ele berip duran, milli lybaslarda al-elwan öwüşgindäki çagalaryň şekilleri ýerleşdirilen.

Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň umumy diametri 45 mm bolup durýar.

Medal halkajyklar arkaly beýikligi 16 mm, ini 34 mm bolan gönüburçly ak syrça çaýylan kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň içinde beýikligi 4 mm bolan mawy reňkde «Arkadag» diýen ýazgy ýazylan.

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylan.

Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň galyňlygy 1,5 mm.

Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň arka tarapynda onuň san belgisi belgilenýär.