Ï Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplary döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplary döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

view-icon 4677
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplary döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýurdumyzyň Bitaraplyk gününe we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp iňlis dilinde ýazylan makala bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik şu ýylyň 5 – 26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, döwletimiziň içeri we daşary syýasaty, şeýle hem beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada makala taýýarlamalydyrlar.

Işlere aşakdaky ülňüler boýunça baha berler: mowzuga laýyklyk, iňlis diliniň grammatikasynyň düzgünleriniň berjaý edilişi, göçürimiň ýoklugy. Işleriň göwrümi 300-500 sözden köp bolmaly däldir.

Gatnaşjaklaryň hasaba alynmasy salgysynda elýeterlidir. Taýýar makalalar iuhd.socialcontest@gmail.com elektron poçta arkaly 25-nji noýabra çenli kabul edilýär.

Bäsleşik ýaşlaryň döwletimiziň oňyn içeri we daşary syýasatyny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmäge hem giňden ýaýratmaga gyzyklanma döretmäge we höweslendirmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, bu bäsleşik Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň öwredilişini kämilleşdirmek we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek ýörelgesi, şeýle hem sanly žurnalistikany ösdürmegiň çäginde geçirilýär.