Ï Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna rekord derejede köp türgen gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna rekord derejede köp türgen gatnaşar

view-icon 5143
Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna rekord derejede köp türgen gatnaşar

2023-nji ýylyň 23–28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna rekord derejede köp türgen gatnaşar.

Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň habaryna görä, geçen ýyl Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna 365 adam gatnaşan bolsa, 53 ýurtdan türgenler (241), tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar bilen birlikde öňümizdäki dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 480 adam ýüz tutdy. Bu-da entek gutarnykly däldir, ýakyn wagtda geçiriljek dünýä çempionatyna uly gyzyklanma sebäpli ol üýtgäp biler.

Ol Türkmenistanda geçirilýän wekilçilikli halkara ýaryşlarynyň ilkinjisi däldir. 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi geçirildi.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmen paýtagty ikinji gezek 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa toparynyň tennis çempionatynyň geçirilen ýerine öwrüldi, bu ýaryşda alty ýurtdan – Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Türkmenistandan iň güýçli türgenler gatnaşdylar.

Indi Aşgabat şäheri dünýä derejesinde ýene bir iri ýaryş geçirmäge taýýarlanýar. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Guramaçylyk komitetini döretdi we onuň düzümini tassyklady.

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda 15 toplum medal ugrunda ýedi erkek we sekiz zenan agram derejesinde tutluşyklar meýilleşdirilýär.

Geçen ýylky kuraş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana 13 pälwanyň (7 erkek we 6 gyz) wekilçilik edendigini we üçüsiniň medal bilen Watanymyza gaýdyp gelendigini ýatlamak gerek.
48 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň toparyna Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýşirin Haýdarowa kümüş, Lebap welaýatynyň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýnur Amanowa (52 kg çenli) hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aziza Gurbanowa (78 kg çenli) agramlarda bürünç medal getiripdiler.