Ï Ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda türkmenistanly dzýudoçylar kümüş we bürünç medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda türkmenistanly dzýudoçylar kümüş we bürünç medal gazandylar

view-icon 3010
Ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda türkmenistanly dzýudoçylar kümüş we bürünç medal gazandylar

Türkmenistanly dzýudoçylar Daşkentde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar. Iki gün dowam eden bu ýaryşda goýlan 16 toplum baýrak ugrunda 15 ýurtdan 181 (103 erkek we 78 zenan) sportçy bäsleşdi.

18 dzýudoçydan (10 erkek, 8 zenan) ybarat bolan toparymyzda Nuriýa Pardaýewa kümüş medal gazandy. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy bu üstünligi 7 sportçynyň bäsleşen 40 kilograma çenli agram toparynda gazandy.

Çärýek final oýny bolan ilkinji göreşinde ildeşimiz Maýa Maýany (Hindistan) ýeňdi. Soňra ýarym finalda Zere Otepkaliden (Gazagystan) üstün çykdy. Ahyrda bolsa Umida Kuldoşewadan (Özbegistan) asgyn gelip, kümüş baýraga mynasyp boldy. Maýa Maýa (Hindistan) we Zere Otepkali (Gazagystan) bürünç medalçy boldular.

Bu 15 ýaşly Nuriýa Pardaýewanyň halkara ýaryşlarynda gazanan ilkinji üstünligi. Ol dzýudo bilen Lebap welaýatynda tälimçi Jora Mätnazarowyň ýolbaşçylygynda meşgullanmaga başlapdy. Nuriýanyň Hançžouda (Hytaý) geçen 19-njy tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalçysy, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleriň biri bolan Maýsa Pardaýewanyň jigisidigini bellemelidiris.

Türkmenistanyň toparyna ikinji medaly 50 kilograma çenli agram toparynda bürünç medala mynasyp bolan Behruz Bahriddinow getirdi, bu toparda 8 ýurtdan 9 dzýudoçy bäsleşýärdi.

1/4 finalda geçen ilkinji göreşde Kaýrat Baýdolotowdan (Gyrgyzystan) ýeňlen sportçymyz teselli ýaryşynda P.Prinsi (Hindistan) ýeňdi, bürünç medal ugrundaky bäsleşikde bolsa Amirmohammad Hasannejadgaçkanludan (Eýran) üstün çykmak bilen, üçünji orny eýeledi. Ikinji bürünç medal Ýunusbek Şawkatowa (Özbegistan) berildi. Finalda Saud Alfaifini (Saud Arabystany) ýeňen Nurbol Askar (Gazagystan) bu agram toparynda Aziýanyň çempiony boldy.

Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň 11-nji synpynda okaýan 17 ýaşly Behruz Bahriddinow ikinji gezek halkara ýaryşlarynda hormat sekisine çykýar. Ol şu ýylyň awgust aýynda Belarus Respublikasynda bolup geçen GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda-da bürünç medal alypdy.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinden bolan Behruz Bahriddinow häzirki wagtda Türkmenistan Dzýudo federasiýasynyň tälimçisi Guwanç Nurmuhammedow bilen ussatlygyny kämilleşdirýär.

Medalçylarymyzyň Daşkentde gazanan üstünligine olary Özbegistanyň paýtagtynda tatama çykaran Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Sähetguly Annagulyýew we zenanlar milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Omar Muhammednazarow hem şärikdir. Milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi hökmünde türkmen dzýudoçylaryny taýýarlamaga ýapon hünärmeni, ýedinji dan Kodokan dzýudo eýesi Kazuhiko Tokuno uly kömek edýär.