Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematiki modelirleme boýunça olimpiadanyň geçiriljekdigini yglan etdi.
Olimpiadany Türkmenistanyň diplomatik işgärler güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirmek meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň HYG fakultetiniň halkara ykdysady gatnaşyklar bölümi bu bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş edýär.
Okuw ugruna we ýokary okuw mekdepde okaýan ýylyna garamazdan, isleg bildirýän talyplaryň ählisi olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar. Guramaçylar ýokary okuw mekdeplerine olimpiada gatnaşjaklary bilim maksatnamalarynyň çäginde «Matematiki modelirlemek», «Ykdysady-matematiki usullar we modeller», «Ykdysadyýetde matematika», «Matematiki programmirlemek», «Ykdysady-matematiki modelirlemeklige giriş», «Ykdysadyýetde matematiki usullar», «Amallaryň derňewi we optimallaşdyrmak usullary» ýaly dersleri özleşdiren talyplaryň arasyndan saýlamagy maslahat berýärler.
Olimpiada her ýokary okuw mekdepden üç talyp gatnaşyp biler. Ýokary okuw mekdepleri olimpiada gatnaşýanlar we olaryň ylmy ýolbaşçysy baradaky maglumatlary 2024-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli taýýarlap, elektron poçta arkaly guramaçylara iberilmelidir.
Elektron poçta salgylary, bäsleşige gatnaşjaklar barada maglumat bermek üçin nusga, şeýle hem olimpiada barada has doly we jikme-jik maglumat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynyň bildirişler bölüminde ýerleşdirildi.
Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyr 50 soragdan ybarat synag görnüşinde bolar. Ikinji tapgyrda gatnaşýanlara 6 sany ykdysady-matematika tabşyryk we olary çözmek üçin 4 sagat teklip ediler.
Synag soraglaryny we tabşyryklary taýýarlamak üçin, esasan, Daşary işler ministrliginiň HGI-niň ýaňy agzalan saýtyndaky bäsdeşlik bildirişinde görkezilen edebi çeşmeler ulanylar.
Bäsleşigiň emin agzalary olimpiada gatnaşýan her ýokary okuw mekdebinden bir mugallymdan, şeýle hem ylmy edaralaryň, kärhanalaryň, önümçilikleriň wekillerinden we şu ugurlar boýunça hünärmenlerden ybarat bolar. Eminler bäsleşigiň netijelerini iki tapgyrda toplanan utuklaryň jemine görä kesgitlär.
Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakçylary degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Bäsleşigiň ýeňijileriniň we baýrak alan talyplaryň ýolbaşçy mugallymlaryna hormat hatlary gowşurylar.
Guramaçy ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berlişi ýaly, olimpiadanyň geçirilmegi milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki şertlerinde ýaşlaryň arasynda matematiki modelirlemegi, ykdysady-matematiki usullary we modelleri öwrenmegiň ähmiýetine hem zerurlygyna düşünişlerini güýçlendirmäge gönükdirilendir. Bäsleşik zehinli we guýmagursak talyplary ýüze çykarmaga hem höweslendirmäge, olaryň ylmy işine itergi bermäge, şu ugurdaky bilimlerini çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir we ýokary hünärli, hemmetaraplaýyn ösen hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşmalydyr.
Mundan başga-da, bäsleşigiň maksatlary ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirilen okuwlary, ylmy işleri we bilim çärelerini kämilleşdirmek, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda täsirli özara gatnaşyklary güýçlendirmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Olimpiada, şeýle hem «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek çarçuwasynda geçirilýär.