Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer

view-icon 7490
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer. Okuwçylar üçin bäsleşikler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdebi tarapyndan guraldy.

Ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary ders bäsleşikleriniň dördüsi: fizika, himiýa, matematika hem-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça gatnaşmaga çagyrylýar. Olimpiadalar sanly ulgam arkaly iki tapgyrda geçiriler.

Bäsleşigiň fizika boýunça ilkinji tapgyryny 17-nji fewralda, himiýa boýunça – 18-nji fewralda geçirmek meýilleşdirildi. Matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalar 19-njy fewralda geçiriler.

Ýokary netijeleri görkezen hem-de birinji tapgyrda iň köp utuklary toplan okuwçylar bäsleşigiň 1-nji maýda geçiriljek jemleýji, ikinji tapgyryna gatnaşarlar.

Ders bäsleşikleriniň ýeňijileri we baýrak eýeleri degişli derejelerdäki Diplomlar bilen sylaglanarlar.

Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, aň-bilim synaglarynyň geçirilmegi mekdep okuwçylary üçin öz ukyplaryny hem-de zehinlerini, dersler boýunça bilimlerini we taýýarlyklaryny görkezmäge oňat mümkinçilik bolar.

Bäsleşikleri guramagyň esasy maksady ýaşlaryň takyk ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekden, mekdep okuwçylarynyň taýýarlygynyň hilini we bilim derejesini gözden geçirmekden, döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak bilen dersler boýunça özbaşdak işlemek ukyplaryny kemala getirmekden we ösdürmekden, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýurdumyzyň orta mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr.