Ï Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» II integrirlenen olimpiada gatnaşyjylar çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» II integrirlenen olimpiada gatnaşyjylar çagyrylýar

view-icon 32243
Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» II integrirlenen olimpiada gatnaşyjylar çagyrylýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Oguz hanyň zehinli nesilleri» II integrirlenen olimpiada gatnaşyjylary çagyrýar.

Olimpiada ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda: logiki pikirlenme, matematika, fizika, himiýa, biologiýa ýaly bäş ugur boýunça geçirilýär. Olimpiada 3 tapgyrda – etrap, welaýat we döwlet derejesinde geçiriler.

Onuň düzgünine laýyklykda, her mekdepden uly synp okuwçylarynyň 5-si olimpiada gatnaşyp biler. Oňa gatnaşmaga höwesek okuwçylaryň sanawyny 25-nji fewraldan öň guramaçylara oguzzehin@gmail.com elektron salgysy arkaly ibermeli. Geçen ýylky olimpiadanyň 1-nji, 2-nji ýa-da 3-nji tapgyrlarynyň ýeňijileri deslapky tapgyrlardan geçmezden göni geçen tapgyrlaryna gatnaşmaga çagyrylýar.

Birinji tapgyr 9-njy martdan 14-nji mart aralygynda geçiriler. Welaýat tapgyrynda gowy netijeleri görkezenler 8-nji aprelde geçiriljek ikinji, welaýat tapgyryna goýberiler.

Soňra ikinji tapgyryň netijelerine laýyklykda bilimi zorlar iýun-iýul aýlarynda geçiriljek we tomusky dynç alyşda mekdep okuwçylary üçin ýatdan çykmajak waka boljak Olimpiadanyň jemleýji, üçünji tapgyryna çagyrylar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde jemleýji tapgyra gatnaşyjylar üçin bäş günlük tomusky okuw guralar. Çärelerde sport ýaryşlary, Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutular. Uniwersitetiň professorlary okuwçylar üçin sapaklar geçerler we olarlary uniwersitetiň talyplarynyň we mugallymlarynyň durmuşa geçirýän ylmy taslamalary bilen tanyşdyrarlar.

Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri we onda baýrakly orunlary eýelänler diplomlar hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglanar. Mundan başga-da, olimpiadanyň I, II ýa-da III tapgyryndan geçen okuwçylar uniwersitetiň «Oguz hanyň zehinli nesilleri» Altyn gaznasynyň agzasy diýen buýsançly ada eýe bolarlar.

Olimpiada, hasaba almak we oňa gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmagyň düzgünleri barada maglumatlar uniwersitetiň saýtynyň Habarlar bölüminde ýerleşdirildi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365330333, +99365878870, +99363703520, +99365810810.

Integrirlenen olimpiada Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmek meýilnamasyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, okuwçylaryň ylym öwrenmäge islegini höweslendirmek, innowasiýa tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilýän, giňden pikirlenýän we öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply, hemmetaraplaýyn bilimli, zehinli, işjeň ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

 «Oguz hanyň zehinli nesilleri» I integrirlenen olimpiada geçen ýyl Türkmenistanda ilkinji gezek geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 30 müňe golaý mekdep okuwçysy gatnaşdy, olaryň has ukyplylary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Altyn gaznasyna gatnaşyjylaryň ilkinji toparyny kemala getirdi. Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň Karary bilen uniwersitetiň Altyn gaznasynyň agzalary bolan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine okuwa girenlerinde ýeňillikler berildi.

Paýtagtymyzyň bu ýokary okuw mekdebiniň zehinli ýaşlary çekmäge we uniwersitetiň geljekki talyplary üçin hünäre ugrukdyryş taslamalaryny guramaga işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Türkmen uniwersitetiniň bu ugurdaky işlerine we hyzmatlaryna bilim pudagyndaky halkara hünärmenler ýokary baha berdiler. Geçen aý uniwersitet Student Recruitment Campaign of the Year (Talyplary çekmek boýunça ýylyň çäresi) ugrundan iň gowy sekiz uniwersitetiň hataryna goşuldy we «Ýokary bilimiň Oskary» ady bilen tanalýan abraýly THE Awards Asia 2024 halkara baýragyna hödürlendi.