Ï Türkmenistanyň mekdep okuwçylary surat çekmek bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary surat çekmek bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 5311
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary surat çekmek bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň arasynda «Parahatçylygyň medeniýeti ýaşlaryň gözi bilen» atly bäsleşik geçiriler. Ol ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan yglan edildi. 

Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 1–11-nji synp okuwçylary çagyrylýar.

Döredijilik çäresiniň maksady ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň medeniýeti barada habarly bolmaklaryny artdyrmakdan ybaratdyr. 

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler A3/A4 ölçegdäki kagyzyň ýüzünde tema degişli çekilen suraty taýýarlamalydyrlar. Onuň arka ýüzünde gatnaşýanyň familiýasy, ady, okaýan synpy we mekdebi hem-de habarlaşmak üçin telefon belgisi görkezilmelidir. Taýýar işler 15-nji fewrala çenli DIM-iň HGI-de Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy salgysy boýunça kabul edilýär. 

17-nji fewralda institutyň eýwanynda bäsleşige gatnaşyjylaryň işleriniň sergisi guralar. Bäsleşigiň ýeňijilerini düzümine BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri hem-de beýlekiler girjek emin agzalary kesgitlär. Işlere, esasan, pikiriň özboluşlylygy, okuwçynyň işiniň mazmunynyň berlen tema laýyk gelmegi we onuň doly açylyp görkezilmegi ýaly ugurlar boýunça baha berler. 

Iň oňat suratlaryň awtorlary – ýeňijiler diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Goşmaça maglumatlary + 99363334808 telefon belgä jaň edip alyp bolar.