Ï S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti informatika boýunça ders bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti informatika boýunça ders bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

view-icon 1605
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti informatika boýunça ders bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan yglan edilen ders bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi.

Bäsleşikde oňa gatnaşyjylaryň jemi 33-si baýrakly orunlara mynasyp boldular. 6 okuwçy birinji orun eýeledi, ýokary synp okuwçylaryň 10-sy ikinji ornuň eýeleri boldular, 17 okuwçy üçünji orna mynasyp boldy. 

Yhlas Yklymow we Mahmyt Mahmudow (Aşgabat şäherindäki 86-njy we 83-nji orta mekdepleri), Çynar Hojamyradowa we Mergen Annaýew (Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 32-nji we 31-nji orta mekdepleri) Şöhrat Möwlamow we Begmyrat Rozyýew (Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 41-nji we 28-nji orta mekdepleri) dagy ýeňijileriň altylygyna düşdüler.

Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrak eýeleri medallar, diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ders bäsleşigi oňa gatnaşyjylar bilen aýry-aýry görnüşde üç tapgyrda geçirildi. Birinji we ikinji tapgyrlar daş aralykdan, jemleýji tapgyr S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da göni gatnaşmak arkaly geçirildi. Finalda ýurdumyzyň ähli künjeginden informatika boýunça ýaş zehinleriň 89-sy – 10-njy synp okuwçylardan 45 we 11-nji synp okuwçylaryndan 44 okuwçy çykyş etdi. 

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlara gyzykly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Uniwersitetiň professorlarynyň hem-de mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda mekdep okuwçylary üçin Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Milli binagärligiň iň oňat däplerini we häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy tejribesini özünde sazlaşykly utgaşdyrýan iň döwrebap «akylly» şäheriň ajaýyp keşbi gezelenje gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda işjeň häsiýetli okuwçylar we talyplar üçin dürli çäreleriň geçirilmegi köp babatda olaryň bilim almaga, ylymlary özbaşdak özleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryna itergi bermäge we ony höweslendirmäge, zehinlerini we ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär, hemmetaraplaýyn ösen nesilleri, başarjaň we işjeň ýaşlary terbiýelemäge ýardam berýär.