Ï Türkmenistanly mekdep okuwçylary rus dili boýunça olimpiada çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly mekdep okuwçylary rus dili boýunça olimpiada çagyrylýar

view-icon 4079
Türkmenistanly mekdep okuwçylary rus dili boýunça olimpiada çagyrylýar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda rus dilinden olimpiada geçirer.

Oňa gatnaşmak isleýänler şu ýokary okuw mekdebiniň https://datmddi.edu.tm/ saýtynda degişli resmi iş kagyzlaryny dolduryp hasaba alynmaly.

Doldurylan blankany 2024-nji ýylyň 4-nji martynda sagat 18:00-a çenli elektron poçta boýunça ugratmaly.

Rus dili boýunça olimpiada iki tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyr 6-njy martda sanly ulgam arkaly onlaýn görnüşinde guralar. Olimpiada gatnaşýanlar üç sagadyň dowamynda rus dilinde düzme ýazmaly we elektron poçta arkaly Guramaçylyk komitetine ibermeli. Düzmäniň temasy şol gün sagat 14:00-da institutyň saýtynda yglan ediler.

Bilim bäsleşigiň birinji tapgyrynyň netijeleri 15-nji aprelde yglan ediler. Ikinji tapgyra geçenleriň ady Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň saýtynda çap ediler.

Olimpiadanyň ikinji tapgyry 2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde sagat 10:00-da şahsy gatnaşyk görnüşinde geçiriler. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda synag görnüşinde bolar. Onuň meseleleri ýokary okuw mekdebiniň bilim portalynda ýerleşdiriler.