Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Hindistanda uly ylmy-derňew işini geçirdi.
Olar Nýu-Delidäki Hindistan Milli muzeýiniň, Rampurdaky Raza kitaphanasynyň, Bangiýa Sahitýa Parişat edebiýat jemgyýetiniň we Kalkuttadaky Aziýa jemgyýetiniň golýazmalar hem kitap gaznalaryny içgin öwrenmek netijesinde, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen baglanyşykly 69 golýazmany ýüze çykaryp, olaryň elektron nusgalaryny Türkmenistana getirdiler.

Bu golýazmalaryň 49-sy pars dilinde, 10-sy arap dilinde ýene 10 sanysy-da türkmen dilinde ýazylypdyr. Magtymguly Pyragynyň we beýleki görnükli türkmen şahsyýetleriniň döredijilik mirasy, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti barada gymmatly ylmy maglumat berýän bu çeşmeleriň köpüsi ozal Türkmenistanda bilinmeýärdi. Baýram hanyň öz eli bilen ýazan we owadan miniatýuralar bilen bezelen goşgulary, Hindistanda Beýik Mogollar neberesini esaslandyran Zahiriddin Muhammet Baburyň golýazmasy aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşykly tapyndylaryň arasynda Kutub şalar, Adyl şalar we Beýik Mogollar nebereleri bilen baglanyşykly golýazmalar-da bar. Mäne Babanyň, Fizuliniň, Kaşiniň, Hosrow Dehlewiniň eserlerine degişli golýazmalar türkmen edebiýatynyň meselelerini aýdyňlaşdyrýar. Türkmen alymlary tarapyndan öwrenilen golýazmalaryň arasynda lukmançylyk, atçylyk, ýaýçylyk, dil bilimi we şuňa meňzeşler hakda täze çeşmeler-de bar.
Türkmen alymlary Hindistan Respublikasyna eden ylmy saparynda hindi kärdeşleri bilen 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenýän Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijilik mirasyny öwrenmekde, eserlerini neşir etmekde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdylar. Bu çärede Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Geldimyrat Muhammedow nusgawy türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi. Şeýle hem Deli uniwersitetiniň professory Abhaý Mauri we hindi metbugatynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi, şonda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin Magtymguly Pyragynyň saýlanan goşgularyny hindi diline terjime etmegiň ähmiýeti nygtaldy.