Ï «e-Mekdep» sanly meýdançanyň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«e-Mekdep» sanly meýdançanyň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 4890
«e-Mekdep» sanly meýdançanyň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezinde ýurduň mekdeplerinde «e-Mekdep» bitewi sanly meýdançany ornaşdyrmak boýunça maslahat duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlige Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň wekilleri, paýtagtyň mekdepleriniň müdirleri we müdirleriniň orunbasarlary çagyryldy.

Innowasiýalar-maglumat merkeziniň müdiri Çary Hanmuhammedow, ýygnaga gatnaşyjylary Kiberhowpsuzlyk barada döwlet komitetiniň soňky mejlisinde kabul edilen çözgütler bilen tanyşdyrdy, şeýle hem Türkmenistanda bilimiň sanly ulgama geçmekdäki möhüm taslamalary barada gürrüň berdi. 

Häzirki wagtda «e-Mekdep» sanly meýdançanyň synag görnüşi Aşgabadyň mekdepleriniň köpüsinde ornaşdyryldy. Ondan eýýäm mugallymlar, mekdep okuwçylary we olaryň ata-eneleri peýdalanýarlar.

Bu meýdança – okuw mekdebinde, şol sanda «Elektron žurnal» we onlaýn düzgünde ata-enelere elýeterli «Okuwçynyň elektron gündeligi» bolan resminama akymyny awtomatlaşdyrmak arkaly mugallymlaryň işini ýeňilleşdirýän iň täze we howpsuz ulgamdyr.

Duşuşykda bilim ulgamynyň wekilleri mekdeplerde «e-Mekdep» sanly meýdançany ulanmak tejribesi we ene-atalara çagalarynyň ýetişigine netijeli gözegçilik etmek üçin «Elektron gündeligi» ulanmak boýunça habar bermek barada gürrüň berdiler. Hususan-da, meýdançanyň artykmaçlyklary we ony kämilleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geljekde ykjam enjamlar üçin kämilleşdirilen «e-Mekdep» goşundysyny ornaşdyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.