Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen edebiýaty kafedrasynyň hepdeligi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen edebiýaty kafedrasynyň hepdeligi geçirilýär

view-icon 3452
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen edebiýaty kafedrasynyň hepdeligi geçirilýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Magtymguly we türkmen edebiýaty» at bilen hepdelik geçirilýär. Ol 19 – 24-nji fewral aralygynda türkmen edebiýaty kafedrasy tarapyndan guraldy.

Çärä ýokary okuw mekdebiň wekilleri – professorlar, mugallymlar, dürli fakultetleriň talyplary işjeň gatnaşýarlar.

Hepdeligiň açylyş dabarasynda Gündogaryň ajaýyp şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegine bagyşlanylan köp sanly gyzykly çykyşlar ýaňlandy. Talyplar şahyryň goşgularyna döredilen tolgundyryjy-täsirli aýdymlary aýratyn buýsanç duýgusy hem-de ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşyjylara egsilmejek ajaýyp duýgulary paýlady. 

«Türkmen edebiýatynyň taryhy», «Goňşy halklaryň edebiýaty», «G.Ezizowyň şygryýetiniň giň şahyranalygy» diýen temalar boýunça açyk sapaklar talyp ýaşlar üçin aýratyn ýatda galyjy boldy, olar ylym-bilim we terbiýeçilik ähmiýetli mazmuny özünde jemledi. 

«Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp» we «Edebiýaty öwrenmegiň dünýä tejribesi» atly ylmy-amaly maslahatlar häzirki zaman edebiýatşynaslykda geçirilen barlaglaryň netijelerine hem-de ylmy gazanylanlara bagyşlandy. 

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň hem-de beýik akyldar barada aýdylýan rowaýatlaryň äheňinde taýýarlanylan görkezme sahna çykyşlary, şeýle hem talyplaryň durmuşyndan ýatda galyjy we özüne çekiji ajaýyp pursatlary beýan etjek gülküli sahnalaryň bäsleşigi hepdeligiň maksatnamasynyň çäreleriniň hataryna girýär. 

Baý maksatnamanyň düzümine ýaşlaryň şahyrlar we ýazyjylar bilen duşuşyklary, talyplaryň paýtagtyň medeni merkezlerine baryp görmekleri girizildi. Bu çäreler oňa gatnaşyjylara peýdaly gymmatly bilimleri hem-de ýatdan çykmajak täsirleri bagyş eder. 

Hepdeligiň çäklerinde beýik nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly senesiniň hormatyna ýokary okuw mekdepde dersler boýunça olimpiadalar, düzme ýazmak boýunça bäsleşikler geçirilýär, taslama işleri, degişli mazmunda nyşanlary döretmek işleri taýýarlanylýar, olara uniwersitetiň talyplary aýratyn hyjuw we işjeňlik bilen gatnaşýarlar. 

Olimpiadalaryň hem-de bäsleşikleriň ähli ýeňijilerini we baýrak eýelerini, şeýle hem çärelerde tapawutlananlary hem-de işjeň gatnaşanlary sylaglamak dabarasy ýokary okuw mekdepde «Magtymguly we türkmen edebiýaty» hepdeliginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde geçiriler.