Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy merkeziniň wekili I.Runow bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy merkeziniň wekili I.Runow bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 3060
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy merkeziniň wekili I.Runow bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýylyň 25–27-nji fewralynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy merkeziniň wekili Igor Runow iş sapary bilen Aşgabatda boldy. Bu onuň nobatdaky saparydyr.

I.Runow Türkmenistanyň paýtagtyna iki günlük gelmeginiň dowamynda ýurduň ulag we gümrük edaralarynda birnäçe iş duşuşyklaryny hem-de tegelek stollary geçirdi. Şolaryň barşynda ýurduň we sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda bolmagynyň jemleýji gününde tejribeli halkaraçy-hünärmen ulag diplomatiýasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna geldi. I.Runowyň ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary bilen söhbetdeşligi institutyň mejlisler jaýynda geçirildi.

Gyzyklanma bildirilen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny halkara we sebit derejelerinde ösdürmekde gazanan üstünliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Türkmenistanda we sebitde ulag düzümlerini gowulandyrmak arkaly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk baradaky meselelere üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda onuň alyp baryjylary we guramaçylary – institutyň prorektory G.Ýusupowa we ýokary okuw mekdebiň kafedra müdiri P.Çaryýew myhmany institutyň okuw merkezleri hem-de muzeýi bilen tanyşdyrdylar.