Ï Tehnologik merkezde ylmy açyşlary täjirçilige öwürmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnologik merkezde ylmy açyşlary täjirçilige öwürmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi

view-icon 3997
Tehnologik merkezde ylmy açyşlary täjirçilige öwürmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi

20-nji martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezinde «Ylmy täjirleşdirmegiň ýollary» atly ylmy maslahat geçirildi. Ylmyň gazananlaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ulanmagyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga Tehnologiýa merkeziniň alymlary bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň işgärleri-de gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler öz çykyşlaryny «Sanlaşdyrmak gurşawynda telekeçilik işewürlik toparlaryny kämilleşdirmegiň ylmy esaslary», «Ylmy başlangyçlary täjirleşdirmekde maýa goýumlary çekmegiň aýratynlyklary», «Häzirki zaman şertlerinde täjirleşdirmegiň ähmiýeti» ýaly mowzuklara bagyşladylar. Seminaryň barşynda ýer we suw gorlaryny durnukly ulanmagyň ylmy we tehnologik esaslary hem ara alnyp maslahatlaşyldy we adaty tebipçilikde giňden ulanylýan üzärligiň hem güýçli antioksidant bolan likopiniň derňewleriniň netijeleri görkezildi.

Şunuň ýaly ylmy maslahatlary geçirmek türkmen alymlarynyň geljegi uly tehnologiýalaryny we ylmy işläp düzmelerini gözlemäge, öňe sürmäge, önümçilige girizmek üçin maýa goýumlaryny çekmäge we täjirçilige öwürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň düzüminde döredilen ýörite bölümiň – tehnologiýalary geçiriş merkeziniň esasy wezipesi-de hut şudur. Onuň işgärleri innowasion işewür pikirleri agtaryp tapmak we täjirçilik taslamalaryny işläp düzmek üçin gyzyklanýan taraplaryň ählisiniň wekillerini merkeziň işine çekmek bilen, hünäriň aragatnaşyk ulgamyny ösdürýärler.

Tehnologiýalary geçiriş merkezi ylmy açyşlaryň mümkinçiligini öňünden kesgitleýär, olary önümçilige girizmegiň ahyrky netijeleriniň hasabyny çykarýar we şunuň esasynda teklipleri, iş meýilnamalaryny we tehniki-ykdysady esaslandyryşlary taýýarlaýar. Iş talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar bazarynyň marketing gözleglerini geçirme we tehnologik isleglerdir taslamalar, ylmy işläp düzmeler hem inženerçilik çözgütler bukjasyny emele getirmek-de merkeziň wezipesine girýär. Rejebowa