Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň ýarym final we final tapgyrynyň geçiriljek senelerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň ýarym final we final tapgyrynyň geçiriljek senelerini yglan etdi

view-icon 2813
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň ýarym final we final tapgyrynyň geçiriljek senelerini yglan etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň ýarym final we final tapgyrlarynyň geçiriljek senelerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan ýurduň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

Ýarym final bäsleşikleriniň ikisi ýokary okuw mekdepde 17-nji we 19-njy aprelde geçiriler. Final duşuşygyny 8-nji maýda geçirmek bellenildi.

2023-2024-nji okuw ýylynyň başyndan bäri institutda geçirilen saýlama bäsleşikleriň sekizisiniň netijeleri boýunça ýarym finalçylaryň topary emele geldi, onuň düzümine ýakyn wagtda akyl-paýhas bäsleşigini dowam etjek ýaşlaryň has zehinlileriniň we ukyplylarynyň 16-sy girdi.

Ýarym final bäsleşikleriň ikisine 8 okuwçydan gatnaşar. Finalda çykyş etmek hukugyna iň oňat oýunçylaryň 8-si – ýarym final duşuşyklaryň hersinden 4 ýeňiji eýe bolar. Olaryň arasynda jemleýji bäsleşikde baýrakly orunlar ugrunda bäsleşiler. 

Guramaçylaryň habar berişleri ýaly, geçiriljek ýarym final we final bäsleşiklere gatnaşyjylara örän gyzykly we ýeňil bolmadyk ýumuşlar teklip edilip, okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryna ýene-de has pugta synaga öwrüler. Mundan başga-da, bäsleşikleriň dowamynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýaş çaparlara ýurdumyzyň alymlaryndan hem-de ildeşlerimizden sowallar berler.

Şundan ugur alnyp, jemleýji synaga gatnaşyjylara niýetlenilip, ýurduň DIM-niň HGI-niň resmi www.iirmfa.edu.tm saýtynda bäsleşige taýýarlyk görmek üçin taslamanyň guramaçylyk topary tarapyndan edebiýatlaryň giň sanawy ýerleşdirildi.

Intellektual taslamanyň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 9–11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýändigini hem-de okuwçylary hünäre ugrukdyrmaga, geljekde üstünlikli diplomatik işlerini alyp barmaklary üçin zerur bolan giň gerimli bilimlere hem-de häsiýetlere eýe bolan has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Taslamanyň temalarynyň mazmuny türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürlerini gurşap alýandygyny ýatlap geçmek gerek, şol döwürlerde milli diplomatik mekdebiň kemala gelmegi we ösüşi bolup geçdi. Çünki taslamanyň III möwsümi Gündogaryň beýik şahyrynyň we filosofynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen umumy şygar astynda geçýär. Şeýle hem ähli bäsleşikleriň mazmunyna Magtymguly Pyragynyň ömrüne we edebi mirasyna bagyşlanan ýumuşlar girizildi.