Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary ata-babalarymyzyň öçmejek yz galdyran şöhratly geçmişimizi, türkmen dünýäsiniň milli däp-dessurlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini öz içine alýan taryhy eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän, Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan hasyl bolan ajaýyp kitaplary esasynda milli mirasymyzyň täsin gudratyny, zamanamyzyň ajaýyplyklaryny, jemgyýetimiziň nurana keşbini açyp görkezýän sahna eserlerini yzygiderli sahnalaşdyrýar.
Döwür bilen deň gadam urmak, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň gadyr-gymmatynyň özenini özünde jemleýän nusgawy edebiýatymyzyň arşy beýikligini emele getiren beýik şahsyýetler baradaky sahna eserlerini döretmek hem bu ýerde däbe öwrülipdir. Şu mukaddes ýol-ýörelge esasynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli teatryň döredijilik topary häzirki wagtda beýik söz ussadynyň ýaşlyk ýyllaryny öz içine alýan «Magtymguly düşdüň yşkyň güzerne» atly täze spektaklyň üstünde işleýär. Spektakl Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Magtymguly» romanynyň äheňi esasynda teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow tarapyndan «sahna diline» geçirilipdir. Häzirki wagtda tejribeli we zehinli ýaş aktýorlaryň gatnaşmaklarynda teatryň sahnasynda taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Täze eserde Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklik döwründe Hakyň ýoluna, çuňluga, kämillige ymtylyş döwri, düýşünde erenlerden pata alyp, şygryýetiň ylahy ýoluna düşen halatlary, şeýle hem Meňli gyza bolan ataşly söýgüsi beýan edilýär. Beýik şahyryň atasy hem-de ilkinji halypa-mugallymy Döwletmämmet Azadynyň oglunda bolýan täsin ahwalatlara, arşy zehinine göz ýetirmegi, onuň ylym dünýäsine, Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň edebi dünýäsine aralaşmagy üçin edýän aladalary, Magtymguly Pyragynyň ejesi Orazgülüň, Azadynyň dosty Selim Magtymyň bu babatda Döwletmämmet Azady bilen pikirdeş bolup, berýän goldawlary gyzykly we gapma-garşylykly wakalaryň üsti bilen täsirli beýan edilýär.
Spektaklda Magtymguly Pyragynyň ylahy zehininiň ylahy söýgi bilen utgaşmagy, bu ýerde ykbalyň öňde goýan gapma-garşylyklary zehini gursagyna sygmaýan ýaş ýigidiň kalbynda adamzat, pelek, yşk, hak we nähak baradaky dünýewi garaýyşlary, halallyk, ynsanperwerlik, gylyk-häsiýet, merdi-merdanalyk, Watan, ene toprak baradaky pelsepewi pikirleri kemala getirýär. Spektaklda Magtymguly Pyragynyň atasy Azadynyň hem-de ejesi Orazgülüň keşpleri Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejepowa we Akjagül Suhanowa ynanylypdyr. Magtymguly Pyragynyň söýgülisi Meňliniň keşbini zehinli aktýor Umida Hamraýewa, Azadynyň dosty Selim Magtymyň we onuň aýaly Ogulşekeriň keşplerini teatryň tejribeli artistleri Çary Dolyýew hem-de Jemal Arazmuhammedowa döredýärler. Bulardan başga-da spektaklda Meňliniň ejesiniň, Şanyýaz hanyň, Azadynyň ogly, Magtymguly Pyragynyň dogany Muhammetsapanyň keşpleriniň üstünde sahna ussatlygynyň inçe tilsimlerini ele alan Aýna Rozyýewa, Nurýagdy Döwletow, Remezan Allaberdiýew ýaly aktýorlar yhlas bilen işleýärler. Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetirýän Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, hudožnik Myrat Haýtyýewiň, saz bilen utgaşdyrýan Ruslan Hemraýewiň hem bu sahna eseriniň beýik Pyragynyň ýaşan döwrüniň milli we ruhy ýörelgeleri bilen utgaşyp, ilhalar bolmaklygy üçin yhlasly gözleglerini belläp geçmek bolar.
– Täze sahna eserinde türkmen nusgawy edebiýatynyň sakasynda duran, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ata-enesini, töweregindäkileri hem-ä guwandyrýan, hem-de dowla düşürýän kalbyna sygmaýan zehininiň, durmuşyndaky gapma-garşylyklaryň çuňňur filosofiki duýgular arkaly inçelik bilen yzarlanmagynyň aktýorlaryň döredijilik ussatlygy we yhlasly zähmeti bilen sazlaşyp, bu sahna eseriniň şowly çykjakdygyna ynanýarys. Nesip bolsa, täze sahna eserimizi ýakyn wagtda tomaşaçylarymyza hödürläris. Bu biziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilýän akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna mynasyp sowgadymyz bolar – diýip, bu spektakly sahnalaşdyrýan zehinli režissýor Perhat Hudaýberenow biziň bilen söhbetdeş bolanynda gürrüň berdi.