Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda paýtagtdaky Boris Grinçenko adyndaky uniwersitetiň professory Nikolaý Waskiwiň çeper söz hem filosofik pikir ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna we ajaýyp şahsyýetine bagyşlanan kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmeniň akyldar şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli guralan medeni we bilim çäresine W.Çernowol adyndaky 235-nji orta mekdebiň 8–10-njy synp okuwçylary, kitaphananyň işgärleri, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň diplomatik wekilleri we türkmen ýaşlary gatnaşdy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Nikolaý Waskiw ajaýyp şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, şeýle hem türkmen edebiýatyny, medeniýetini we türkmen-ukrain medeni gatnaşyklaryny köp ýyl bäri öwrenýär we Ukrainada hem daşary ýurtlarda wagyz edýär. Onuň makalalary Türkmenistanyň, Ukrainanyň, Polşanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ylmy žurnallarynda hem ýygyndylarynda çap edilýär.
Kitaphanada geçirilen duşuşykda awtor 2019-njy ýylda Ukrainada çykan iki sany täsin neşir: «Magtymguly Pyragy: edebi portret» we «Magtymguly Pyragy. Barça syn et, barçany aňla...» ady bilen şahyryň ukrain diline terjime edilen goşgularynyň doly ýygyndysy bilen tanyşdyrdy.
Birinji kitapda şahyryň terjimehaly barada maglumatlar we onuň bilen baglanyşykly rowaýatlar beýan edilýär, çeper liriki keşpleriň baýlygy we özboluşlylygy açylyp görkezilýär, şeýle hem döredijilik mirasynyň däpleri we ondaky täzeçillikler barada gürrüň edilýär. Monografiýada Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň Ukrainada çap edilen neşirleri, ukrain ýazyjylarynyň görnükli türkmen şahyryna bagyşlanan eserleri, ukrain alymlary tarapyndan onuň döredijilik mirasynyň öwrenilişi barada maglumatlar jemlenipdir.
Ikinji kitap Magtymguly Pyragynyň ukrain diline terjime edilen goşgularynyň doly ýygyndysydyr; onda Nikolaý Waskiw XIX asyr meşhur ukrain şahyrlary, ýazyjylary, terjimeçileri we döwürdeşlerimiz tarapyndan terjime edilen goşgulary tertipleşdiripdir. Neşiriň sözbaşysynda Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä medeniýetindäki orny bellenýär, türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy şahsyň kämil stili seljerilýär, onuň bütin ýurtda meşhurlygy nygtalýar, ukrain şahyrlary Taras Şewçenko we Grigori Skoworodanyň eserleri hem hyzmatlary bilen meňzeşlikleri ýüze çykarylýar.
Awtoryň sözlerine görä, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenýän ýylda bu kitaplara okyjylar has köp isleg bildirýärler. Umuman, bütin dünýäde edebiýat we poeziýa muşdaklarynyň ünsi ýubileý ýylynda kalby halkyna bolan hakyky söýgüden, mähirli pend-u-nesihatdan we çuňňur watançylyk hem liriki duýgudan doly türkmen şahyryna we poeziýasyna gönügendir.
Duşuşyga gatnaşanlar görnükli türkmen şahyry hakda kitap ýazylyşynyň taryhy bilen gyzyklandylar. Awtor görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň täsin mirasynyň çuňlugyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmek maksady bilen, gazanan ylmy tejribesi we özi üçin ylham hem bilim çeşmesi bolan dünýäniň dürli künjeklerine eden syýahatlary barada gürrüň berdi. Däp bolup gelşi ýaly, şahyryň goşgulary türkmen we ukrain dillerinde ýaňlandy.