Ï Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň 100-si «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşdyrylan olimpiadanyň finalynda çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň 100-si «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşdyrylan olimpiadanyň finalynda çykyş ederler

view-icon 5241
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň 100-si «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşdyrylan olimpiadanyň finalynda çykyş ederler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşdyrylan olimpiadanyň II tapgyrynyň netijelerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep tarapyndan ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda guralýar.

8-nji aprelde welaýat derejesinde geçirilen tapgyryň netijeleri boýunça zehinli okuwçylaryň 100-si olimpiadanyň jemleýji döwlet derejesindäki tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar.

II utgaşdyrylan olimpiada ýurtda şu ýylyň mart aýynda badalga aldy. Matematika, fizika, himiýa, biologiýa boýunça bäsleşikleriň I tapgyrynda tutuş ýurdumyzdan mekdep okuwçylaryň 23 müňüsi çykyş etdiler. Şolaryň 800-si intellektual bäsleşigi ikinji tapgyrda dowam etdiler.

Olimpiadanyň III – final tapgyryny Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň binýadynda iýun-iýul aýlarynda, öňde boljak tomusky dynç alyş döwründe geçirmek bellenildi. Oňa gatnaşjaklar üçin düşünjäňi artdyryş gezelençleri, sport çäreleri, ýokary okuw mekdebiň professorlarynyň we mugallymlarynyň geçirjek okuw-tanyşdyryş sapaklaryny özünde jemleýän baý maksatnama taýýarlanylýar.

Olimpiadanyň ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar. Mundan başga-da, olimpiadanyň I, II we III tapgyrlaryny geçen okuwçylaryň ählisi uniwersitetiň «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly Altyn gaznasynyň düzümine giriziler. Onuň agzalary ýokary okuw mekdebe girmäge synanyşanlarynda, ýeňillikden peýdalanarlar.

Gazna bilen adybir utgaşdyrylan olimpiada ýurduň zehinli ýaşlaryny çekmek boýunça uly işleri alyp barýan uniwersitetiň hünär ugurly taslamalarynyň biridir.

Türkmenistanda olimpiada ilkinji gezek geçen ýyl üstünlikli geçdi. Onuň finalda çykyş edenleriniň 100-den gowragy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň beýleki esasy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hataryna goşuldylar.