Ï Türkmenistanda ÝHHG-niň magistr derejesini almak üçin talyp hakly maksatnamasyna gatnaşjaklary saýlap almak işleri açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ÝHHG-niň magistr derejesini almak üçin talyp hakly maksatnamasyna gatnaşjaklary saýlap almak işleri açyldy

view-icon 2405
Türkmenistanda ÝHHG-niň magistr derejesini almak üçin talyp hakly maksatnamasyna gatnaşjaklary saýlap almak işleri açyldy

ÝHHG Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça magistr derejesini almak üçin talyp hakly maksatnamasyna gatnaşjaklary ikinji tapgyra alynýandygyny yglan etdi.

Maksatnama gatnaşmaga Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Mongoliýadan gaýtadan dikeldilýän energetika ýaly tiz ösýän we örän möhüm bolan pudakda hünär taýdan kämilleşmek isleýän ýaş zenanlar çagyrylýar. Olar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini strategik taýdan dolandyrmak we energiýa netijelilik babatda hemmetaraplaýyn bilim alarlar. Bu bolsa halkara we milli kompaniýalarda iş-wezipe taýdan köp sanly mümkinçiliklere tarap gapylary açar.

Maksatnama boýunça okuwlar 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýy aralykdaky döwürde Germaniýa-Gazagystan uniwersitetinde geçiriler.

Munuň özi ýaşamak, ulag we her aýdaky talyp haklary bilen birlikde doly derejede tölegli okamaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, oňa gatnaşyjylar hünär ugurly gatnaşyklaryň ulgamyny döretmäge, terbiýeçilik taýdan goldaw almaga, bu maksatnamanyň artykmaçlygy bolan gaýtadan dikeldilýän energetika degişli desgalara baryp görmäge mümkinçilik alarlar.

Maksatnama gatnaşmak isleýänler 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli haýyşnamalaryny bermelidirler.

Maksatnama baradaky giňişleýin maglumatlar ÝHHG-niň saýtynda ýerleşdirildi.

Gatnaşjaklary bellige almak hem-de goşmaça maglumatlar Germaniýa-Gazagystan uniwersitetiniň saýtynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin Alekseý Kobzewe kobzev@dku.kz, Sanýa Ahmetowa akhmetova@dku.kz, Abylaýhan Soltanaýewe soltanayev@dku.kz elektron salgylary arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Diňleýji hakly maksatnama ÝHHG-niň Merkezi Aziýada energetika howpsuzlygy we durnuklylyk üçin energetika ulgamynda zenanlaryň ykdysady taýdan gatnaşmagyna ýardam bermek boýunça taslamasynyň çäklerinde guraldy. Ol Awstriýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Norwegiýanyň we Polşanyň hökümetleri tarapyndan goldanylýar.