Ï Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Merkezi Aziýanyň (U-17) açyk ýaşlar çempionatynda 13 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Merkezi Aziýanyň (U-17) açyk ýaşlar çempionatynda 13 medal gazandylar

view-icon 1394
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Merkezi Aziýanyň (U-17) açyk ýaşlar çempionatynda 13 medal gazandylar

Dünýäniň alty ýurdundan 44 türgeniň gatnaşmagynda 17 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda geçen Merkezi Aziýa açyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary 13 medal gazandylar.

Medallar ugrunda dürli agram derejesinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri bäsleşdi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň aýtmaklaryna görä, ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan alty agyr atletikaçy gatnaşdy, olaryň bäşisi jemi 11 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.

Atabek Azamatow 49 kilograma çenli agram derejesinde – 159 kilogram (73+86), Kakamyrat Annamyradow 67 kilograma çenli agram derejesinde – 246 kilogram (113+133) we Orazgül Babanyýazowa 55 kilograma çenli agram derejesinde – 145 kilogram (64+81) netije bilen her biri ştangany silterläp götermekde, itekläp götermekde we ikisiniň netijesi boýunça üç kümüş medal gazandylar.

Gurbangözel Orazowa bolsa (71 kilogramdan ýokary agram derejesinde) üç medala mynasyp boldy. Ol ştangany silterläp götermekde (55 kilogram) bürünç medala, itekläp götermekde (78 kilogram) we ikisiniň netijesi boýunça (133 kilogram) iki kümüş medala mynasyp boldy.

Ýene bir bürünç medaly 81 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden Saparbaý Atajanow (120 kilogram) gazandy.