Ï Türkmen alymlary derini ýaşartmak üçin laktoza gelini işläp taýýarladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alymlary derini ýaşartmak üçin laktoza gelini işläp taýýarladylar

view-icon 1811
Türkmen alymlary derini ýaşartmak üçin laktoza gelini işläp taýýarladylar
Türkmen alymlary derini ýaşartmak üçin laktoza gelini işläp taýýarladylar
Türkmen alymlary derini ýaşartmak üçin laktoza gelini işläp taýýarladylar
Türkmen alymlary derini ýaşartmak üçin laktoza gelini işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Biotehnologiýalar barlaghanasynda adamyň ýaşy bilen baglanyşykly deri üýtgemelerini hemmetaraplaýyn düzetmäge niýetlenen laktoza gelini almagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga awtorlyk hukugy berildi, ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň beren degişli şahadatnamasy bilen tassyklanýar.

Bu iş lukmançylyk biotehnologiýasynyň dermatologiýa we kosmetologiýa ugruna degişlidir. Ol ýaş bilen baglanyşykly deriniň üýtgemelerini hemmetaraplaýyn düzetmegi üpjün edýän we ýaşardýan täsirli gelidir.

Belok önümlerini almak üçin gaýtadan işlenen süýdüň takmynan 80-90 göterimi kesilen süýt bolup, onda çig mal hökmünde ulanylýan süýdüň düzümindäki möhüm komponentleriň takmynan 50 göterimi bar. Bu komponentlere ergin beloklar, laktoza, mineral maddalar, witaminler we az mukdarda zerre owran süýt ýagy girýär.

Pes ýygylykly ultrafonoforez arkaly derä kesilen süýt çalynsa, ol aminokislota molekulalaryna deriniň suw we belok balansyny kadalaşdyrýar, sagaldyşa we biostimulýasiýa ýardam edýär, şeýle hem öýjükleriň deňagramly fiziologiki iýmitlenmegini we çyglanmagyny üpjün edýär.

Laktozanyň özboluşly fiziki-himiki aýratynlyklary we biologiki gymmaty netijesinde oňa iým, azyk we derman senagaty ýaly pudaklarda uly isleg bildirilýär. Has täze kosmetika önümleri işläp taýýarlamak üçin kesilen süýdüň onuň esasy düzümi hökmünde ulanylmagy kosmetika pudagynda innowasion ugurlarynyň biridir.

– Kesilen süýdi öwrenmegiň ähmiýeti onuň galyndysyz önümçilige esaslanýan bionanotehnologiýalary ulanmagyň uly geljegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle tehnologiýalaryň döredilmegi we ornaşdyrylmagy çig malyň ähli düzüm böleklerini toplumlaýyn çykaryp almaga, gymmatly önümlere öwürmäge we daşky gurşawa çig malyň galyndylaryny ýok etmek ýa-da azaltmak arkaly daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny ýok etmäge ýa-da azaltmaga mümkinçilik berýär – diýip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa gürrüň berýär.