Ï Türkmen döwlet maliýe instituty «Ykdysadyýet» boýunça VI olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet maliýe instituty «Ykdysadyýet» boýunça VI olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi

view-icon 293
Türkmen döwlet maliýe instituty «Ykdysadyýet» boýunça VI olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi

Türkmenistanyň döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Ykdysadyýet» boýunça VI olimpiadanyň netijelerini jemledi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça talyplaryň bäşisi birinji orunlary eýelediler. Olaryň ikisi: Baýramaly Baýramdurdyýew we Döwran Muhammedow Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekilleri. Ýeňijileriň üçüsi: Berdimyrat Berdiýew, Selbi Haýytowa we Barna Kurambaýewa Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarydyr.

Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 8 talyby ikinji orunlaryň eýeleri boldular we ýene-de 25-si üçünji orunlary eýelediler. Olaryň hatarynda ýokarda görkezilen ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bar.

Olimpiadanyň toparlaýyn hasabynyň netijeleri boýunça I orny Türkmen oba hojalyk instituty eýeledi, II orna Türkmen döwlet maliýe instituty mynasyp boldy we III orun Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna berildi. Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri Türkmen döwlet maliýe institutynyň diplomlary bilen sylaglandylar. Umuman, olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 19-syndan talyplaryň 71-si gatnaşdylar.

Olimpiada ukyply, zehinli, işjeň ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny artdyrmak, nazary bilimlerini ýokarlandyrmak, iş başarnyklaryna eýe bolmaklary, giňden pikirlenip we öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözüp bilmek başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen geçirildi.