Ï Ýaş alym zylçaly ýowşanyň efir ýagly ýumşak želatin kapsulalaryny almak tehnologiýasyny patentletdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş alym zylçaly ýowşanyň efir ýagly ýumşak želatin kapsulalaryny almak tehnologiýasyny patentletdi

view-icon 2095
Ýaş alym zylçaly ýowşanyň efir ýagly ýumşak želatin kapsulalaryny almak tehnologiýasyny patentletdi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasy ýerli çig mallardan, derman ösümliklerinden we minerallardan biologik işjeň maddalary ýygnamak arkaly dürli dermanlary almak we olary innowasiýa tehnologiýalary esasynda ulanmak ugrunda ylmy-gözleg işlerini alyp barýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri we olaryň halk lukmançylygynda ulanylyşy barada gymmatly ylmy maglumatlary öz içine alýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik eseri barlaghananyň alymlarynyň elinden düşmeýän kitapdyr.

Ýaş alym Berdi Berdiýew birnäçe ýyl bäri Köpetdagyň ösümlik örtüginde agdyklyk edýän zylçaly ýowşanyň esasynda derman ýasamak mümkinçiliklerini öwrenýär we eýýäm gözlegleriniň amaly netijeleriniň ykrar edilmegini gördi. Ýerli endemiklerden biri bolan bu ösümlik kömelek keseline we çişmä garşy täsirli derman görnüşlerini almaga mümkinçilik berýän biologik işjeň maddalaryň we antioksidant häsiýetleriniň ýokary derejesine eýedir. Ýaş alym degişli maddalaryň dermanlyk häsiýetlerini we ekstraksiýalaryny almagy öwrenmek arkaly dermanlyk maksatlar üçin giňden ýaýran ýumşak želatin kapsulalaryny taýýarlamagyň tehnologik tapgyrlaryny döretdi.

Ýumşak želatin kapsulalaryň özboluşly biofarmasewtik häsiýetleri: derman serişdesiniň ölçeginiň takyklygy, ýokary bio-elýeterliligi (derman gerdejikleri bilen deňeşdirilende, täsir 5-10 minutdan soň ýüze çykýar) bar, daşarky täsirlerden goragy, organoleptik düzüm böleklerini sazlamak ukyby, enaýy görnüşi we kabul edilişiniň amatlylygy bilen tapawutlanýar. Barlaghana şertlerinde taýýarlanan efir ýagynyň ýumşak želatin kapsulalara bildirilýän talaplara laýyklykda geçirilen deslapky synaglaryň netijesinde Berdi Berdiýewe we onuň şäriklerine oýlap tapyşy üçin çäklendirilen patent berildi. Ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda № 971 belgi astynda hasaba alyndy.