30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual taslamasynyň IV möwsümine başlanyldy. Bäsleşik Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýär.
Hünäre ugrukdyryş bu uly taslama dördünji okuw ýyly yzygiderli geçirilýär hem-de taryha, syýasata we diplomatiýa uly gyzyklanma bildirýän has zehinli, ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Bäsleşikde iň gowy çykyş edenler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň hataryna üstünlikli goşuldylar.
Taslama ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden ýokary synp okuwçylarynyň 800-den gowragy saýlama synagyna gatnaşdylar. Şolaryň netijesi boýunça 64 okuwçy bäsleşigiň täze möwsümine gatnaşmaga hukuk aldylar.
Taslamanyň IV möwsüminiň umumy şygary Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlüp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji maslahatynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen baglylykda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» hökmünde kesgitlenildi.
Taslamanyň täze möwsüminiň saýlama tapgyrynyň ilkinji bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň, Ahal, Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň sekizligi çykyş etdi. Oýunçylara «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: şöhratly geçmişden bagtyýar geljege» diýen tema boýunça ýumuş berildi.
Dartgynly bäsleşigiň barşyna eminler örän ünsli syn edip, ýaşlaryň bilimlerine, zehinlerine we ukyplaryna adalatly baha bermäge çalyşdylar. Okuwçylaryň her biri öz pikirini mynasyp gorady hem-de ýeňiji diýen ada eýe bolmak ugrunda göreşdi.
Eminleriň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklar we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Bütindünýä taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Şamuhammet Akmyradow girdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň ikisi: Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Yhlas Agöýliýew we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Arzuw Şyhyýewa ýeňijiler diýlip yglan edildi. Bu okuwçylar ýarym finala gatnaşjaklaryň düzümine girdiler. Ýarym final bäsleşigiň saýlama tapgyrlarynyň geljekki ýedi duşuşyklarynyň netijeleri boýunça doly emele geler.
Birinji bäsleşigiň ýeňijileri we oňa gatnaşanlar institutyň Hormat hatlaryny hem-de hemaýatkärleriň ýadygärlik sowgatlaryny aldylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy çäräniň hemaýatkärleri hökmünde çykyş etdiler. Ýakyn wagtlarda türkmen teletomaşaçylary taslamanyň badalga alan IV möwsüminiň ilkinji bäsleşigini, ýokary okuw mekdebiniň okuw studiýasy bilen bilelikde ýazgysyny geçiren milli «Miras» teleýaýlymynda seredip bilerler.