Ï Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirer

view-icon 70
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirer

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirer.

Halkara olimpiada 4-nji dekabrda sanly ulgam arkaly şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Olimpiada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünärde okaýan talyplarynyň bäşisi gatnaşyp biler. Olimpiadanyň dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Olimpiada gatnaşyjylara «Umumy fizika» dersiniň mehanika, molekulýar fizika, elektrik we magnit hadysalary hem-de optika ýaly bölümleri boýunça bäş ýumuş berler. Ýumuşlary çözmäge 150 minut wagt (2,5 sagat) berilýär.

Emin agzalarynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girer.

Olimpiadalaryň geçirilmegi zehinli işjeň ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň geljekde hünär taýdan ösmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, häzirki döwürde ýüze çykýan çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, gatnaşyjylaryň arasynda özara bähbitli ylmy habarlary alyşmaga, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň özara hereketlerini, şol sanda sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Olimpiada bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri, «Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen guralýar.