I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 56-njy madda; 2016 ý., № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 4, 102-nji madda; 2021 ý., № 1, 23-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 51-nji maddanyň mazmunynda «şahslardyr» diýen sözi «Türkmenistanyň raýatlarydyr» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 6-njy maddanyň ikinji böleginde 11-nji we 14-nji bentlerden soň degişlilikde şu mazmunly bentleri goşmaly:
«111) birinji sekretar — konsul;»;
«141) attaşe — konsul;»;
3) 7-nji maddanyň dördünji böleginde «konsul» diýen sözden soň «, konsulyň orunbasary» diýen sözleri goşmaly;
4) 9-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Şu bölegiň 2-nji bendinde görkezilen diplomatik gullugyň işgärleriniň halkara guramalardaky iş möhleti Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hasaplanylýar we diplomatik gullukdaky iş döwrüne goşulýar.»;
5) 111-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«111-nji madda. Işler wagtlaýyn ynanylan
Işler wagtlaýyn ynanylan — Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçiniň ýok wagty onuň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynda işleýän diplomatik gullugyň işgäridir.
Wezipeleri ýüklemek we olardan boşatmak Türkmenistanyň daşary işler ministriniň buýrugyna laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle wezipeleriň ýüklenilmegi we olardan boşadylmagy barada habar bolýan ýurduna haýal etmän ýetirilmelidir.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.