I. 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 6-njy madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 1-nji maddanyň 10-njy bendinde, 21-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde, 23-nji maddanyň ikinji böleginde, 26-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň «a» kiçi bendinde, 2-nji we 3-nji bentlerinde, ikinji böleginiň 2-nji bendinde hem-de 30-njy maddanyň ikinji böleginde «ýük ugradyjy», «ugradylmagy», «ýük ugradyjynyň», «ýük ugradyjydan» we «ýük ugradyjylar» diýen sözleri degişlilikde «ýük iberiji», «iberilmegi», «ýük iberijiniň», «ýük iberijiden» we «ýük iberijiler» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 10-njy maddada:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi (mundan beýläk — ygtyýarly edara) awtomobil ulagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.»;
ikinji bölekde «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti,» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi,» diýen sözleri goşmaly;
3) 11-nji maddada:
3-nji bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:
«f) Döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň awtoulag serişdelerini ýerlemek hakynda düzgünnamany;»;
3-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«31) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine we ygtyýarly edara awtomobil ulagy çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işinde tabşyryklary berýär;»;
4) 12-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«12-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň awtomobil ulagy çygrynda ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi:
1) awtomobil ulagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;
2) awtomobil ulagy çygrynda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we gözegçiligini amala aşyrýar;
3) awtomobil ulagyny ösdürmegiň milli we pudak maksatnamalaryny işläp düzýär we olaryň amala aşyrylmagyny guraýar;
4) awtomobil ulagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip düzülmegini guraýar we öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde tassyklaýar;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda awtomobil ulagy çygryndaky işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary berýär;
6) awtoulagda ýükleri, ýolagçylaryň goşlaryny daşamagyna we bu işleriň durnukly hem-de howpsuz amala aşyrylmagyna gözegçilik edýär;
7) wagty bellenilen gatnawda awtoulagda ýolagçy gatnatmagyň şäherara we halkara ugurlaryny açmak üçin rugsatlaryň berlişine gözegçilik edýär;
8) awtomobil ulagy çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar hem-de halkara we döwletara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär;
9) fiziki we ýuridik şahslara degişli awtoulag serişdelerine tehniki abatlaýyş we gaýtadan enjamlaşdyryş hyzmatlarynyň edilmegine hem-de döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň awtoulag serişdeleriniň ýerlenilmegine gözegçilik edýär;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.»;
5) 12-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«121-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy Ygtyýarly edara:
1) awtomobil ulagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde awtomobil ulagy çygrynda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we gözegçiligini amala aşyrýar;
3) awtomobil ulagyny ösdürmegiň milli we pudak maksatnamalarynyň işlenip düzülmegine we olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna gatnaşýar;
4) awtomobil ulagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär we bellenen tertipde tassyklanylmagy üçin iberýär;
5) ulag hyzmatlary bazarynyň ýagdaýyny seljerýär we awtomobil ulagyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitleýär;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda awtoulagda daşamagyň aýry-aýry görnüşleri üçin nyrhlary belleýär;
7) wagty bellenilen gatnawda awtoulagda ýolagçy gatnatmagyň şäherara we halkara ugurlaryny açmak üçin rugsatlary berýär;
8) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde awtomobil ulagy çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar hem-de halkara we döwletara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär;
9) fiziki we ýuridik şahslara degişli awtoulag serişdelerine tehniki abatlaýyş we gaýtadan enjamlaşdyryş hyzmatlarynyň edilmegini hem-de döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň awtoulag serişdeleriniň ýerlenilmegini üpjün edýär;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.»;
6) 13-nji maddanyň 2-nji bendinde «rugsatnamalary» diýen sözi «rugsatlary» diýen söze çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 12-nji apreli.