I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1. 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan, 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 11-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 3, 73-nji madda, № 4, 89-njy madda) 333-nji maddasynyň adyny we dispozisiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«333-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ýa-da olaryň prekursorlaryny, şeýle hem neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ýa-da olaryň prekursorlaryny taýýarlamakda ulanylýan gurallary öndürmegiň, edinmegiň, saklamagyň, hasaba almagyň, goýbermegiň, daşamagyň ýa-da ibermegiň düzgünleriniň bozulmagy
Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ýa-da olaryň prekursorlaryny, şeýle hem neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ýa-da olaryň prekursorlaryny taýýarlamakda ulanylýan gurallary öndürmegiň, edinmegiň, saklamagyň, hasaba almagyň, goýbermegiň, daşamagyň ýa-da ibermegiň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu etmiş görkezilen düzgünleri berjaý etmek öz borçlaryna girýän adam tarapyndan edilen bolsa,».
2. 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 6-njy madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda, № 4, 89-njy madda):
1) 22-nji maddanyň üçünji böleginde:
1-nji we 2-nji bentlerde «, eger şunda bildirilen talabyň möçberi on müň manatdan köp bolmasa» diýen sözleri aýyrmaly;
3-nji bentde «, eger şunda arzada görkezilen, töledip almaga degişli pul mukdarynyň umumy möçberi bäş müň manatdan köp bolmasa» diýen sözleri aýyrmaly;
soňky tesimde «Buýruk önümçiligini ýöretmek,» diýen sözlerden soň «kazyýet çykdajylary,» diýen sözleri goşmaly;
2) 28-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Eýelik etmekden mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jaýlara, desgalara, ýer böleklerine we gaýry gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugyny ykrar etmek hakyndaky, olary kesekiniň bikanun eýelik etmeginden talap edip almak hakyndaky, şeýle emlägiň eýesiniň ýa-da başga kanuny eýelik edijiniň hukuklarynyň bozulmalaryny düzetmek hakyndaky hak islegleri jaýyň, desganyň, ýer böleginiň we gaýry gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça bildirilýär.»;
3) 147-nji maddada:
birinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Çözgüt maslahat otagynda kabul edilýär. Beýleki adamlaryň maslahat otagynda bolmagyna ýol berilmeýär.»;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Çözgüt iş boýunça seljeriş tamamlanandan soň kabul edilýär. Aýratyn halatlarda aýratyn çylşyrymly işler boýunça çözgüdini ýazmaça beýan etmek iş boýunça seljerişiň tamamlanan gününden başlap üç günden köp bolmadyk möhlete gaýra goýlup bilner, ýöne kazyýet çözgüdiň karara geliş bölegini işiň seljerişiniň tamamlanan kazyýet mejlisinde yglan etmelidir. Kazyýetiň çözgüdiniň yglan edilen karara geliş bölegine kazy tarapyndan gol çekilmelidir we işe goşulmalydyr.»;
4) 151-nji maddanyň birinji böleginde «ol kabul edilenden soň» diýen sözleri «çözgüt onuň nusgasynyň işe gatnaşýan şahslara gowşurylan gününden» diýen sözlere çalşyrmaly.
3. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar; 2022 ý., № 2, 22-nji madda, № 3, 78-nji madda, № 4, 115-nji we 118-nji maddalar; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023ý., № 2, 37-nji madda; 2024 ý., № 4, 51-nji madda):
1) 1-nji maddanyň birinji böleginde, 22-nji maddanyň birinji böleginiň «j» kiçi bendinde, 47-nji maddanyň adynda, 49-njy maddanyň bäşinji böleginde «çözgütlerinden», «hereketlerinden», «talaplaryndan», «hereketsizliklerinden» we «çözgüdinden» diýen sözleri degişlilikde «çözgütlerine», «hereketlerine», «talaplaryna», «hereketsizliklerine» we «çözgüdine» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) VII bölümiň adyny şu görnüşde beýan etmeli:
«VII bölüm. Salgyt edarasynyň çözgütlerine, onuň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň hereketlerine şikaýat etmek»;
3) 85-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) salgyt edarasynyň çözgüdine, şeýle hem onuň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň özi babatyndaky hereketine şikaýat etmäge haklydyr.»;
4) 86-njy maddada:
birinji bölegiň ikinji tesiminde, üçünji we altynjy böleklerde «hereketlerinden» we «çözgüdinden» diýen sözleri degişlilikde «hereketlerine» we «çözgüdine» diýen sözlere çalşyrmaly;
dördünji bölegiň ikinji tesiminde «puşman tölegleri» we «ikinji bölümine» diýen sözleri degişlilikde «puşmana tölegleri» we «ikinji bölegine» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 87-nji maddada:
birinji tesimde «çözgütlerinden», «olaryň» we «hereketlerinden» diýen sözleri degişlilikde «çözgütlerine», «onuň» we «hereketlerine» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji tesimde «puşman tölegleriniň» we «ikinji bölümine» diýen sözleri degişlilikde «puşmana tölegleriniň» we «ikinji bölegine» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 113-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «puşman tölegini» diýen sözleri «puşmana tölegini» diýen sözlere çalşyrmaly;
7) 171-nji maddada:
dördünji bölekde «ýuridik tarapa» diýen sözleri «ýuridik şahsa» diýen sözlere çalşyrmaly;
altynjy bölekde «bölümlerinde» diýen sözi «kiçi bentlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly.
4. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 29-njy madda; 2010 ý., № 3, 42-nji madda; 2011 ý., № 3, 56-njy madda;
2012 ý., № 1, 43-nji madda, № 4, 110-njy madda; 2014 ý., № 1, 41-nji madda, № 2, 78-nji madda; 2016 ý., № 1, 7-nji we 65-nji maddalar; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2018 ý., № 2, 33-nji madda; 2019 ý., № 1, 8-nji madda, № 4, 89-njy madda; 2020 ý., № 3, 35-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 28-nji madda, № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda, № 4, 89-njy madda):
6-njy maddanyň 7-nji bendinde, 42-nji maddada, 47-nji we 56-njy maddalaryň üçünji böleklerinde, 87-nji we 88-nji maddalaryň birinji böleklerinde, 153-nji maddanyň üçünji böleginde, 197-nji we 473-nji maddalaryň birinji böleklerinde, 545-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde «ýuridiki», «edara görnüşli tarapyň», «Edara görnüşindäki taraplara», «edara görnüşindäki taraplara», «edara görnüşindäki tarapa ýa-da şahsy adama», «şahsy adama ýa-da edara görnüşindäki tarapyň», «şahsy adam ýa-da edara görnüşindäki tarap», «edara görnüşindäki taraplar», «Şahsy adam ýa-da edara görnüşindäki tarap», «edara görnüşindäki taraplaryň», «ýuridiki tarap üçin — olaryň atlary» diýen sözleri degişlilikde «ýuridik», «ýuridik şahsyň», «Ýuridik şahslara», «ýuridik şahslara», «ýuridik şahsa ýa-da fiziki şahsa», «fiziki şahsa ýa-da ýuridik şahsyň», «fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs», «ýuridik şahslar», «Fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs», «ýuridik şahslaryň», «ýuridik şahs üçin — onuň ady» diýen sözlere çalşyrmaly;
61-nji maddanyň ikinji böleginde «165-nji, 174-nji, 179 — 195-nji maddalarynda,» diýen sözleri «165 — 172-nji, 174-nji, 176-njy, 179 — 195-nji maddalarynda, 197-nji maddasynyň ikinji böleginde,» diýen sözlere çalşyrmaly we «301-nji,» diýen sandan soň «304-nji,» diýen sany goşmaly.
5. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda, № 3, 112-nji madda, № 4, 134-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda, № 4, 71-nji madda; 2020 ý., № 3, 48-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 74-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda; 2024 ý., № 3, 26-njy madda):
1) 5-nji maddanyň dördünji böleginde, 106-njy maddanyň birinji böleginde, 125-nji maddanyň dördünji böleginde, 229-njy maddanyň birinji böleginde «kem-käsleýin» diýen sözleri «bölekleýin» diýen söze çalşyrmaly;
2) 42-nji maddanyň birinji böleginde:
9-njy bentde «jar edende» diýen sözleri «aýan edende» diýen sözlere çalşyrmaly;
10-njy bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«10) iş ýerinde emlägi ogurlamagy, eýelemegi ýa-da harçlamagy, ony bilkastlaýyn dargatmagy ýa-da zaýalamagy amala aşyrylan, munuň özi kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi ýa-da administratiw temmisini bermek ygtyýarlygyna girýän edaranyň karary bilen anyklanylan mahalynda;»;
3) 341-nji maddanyň dördünji böleginde «jar edýän» diýen sözleri «aýan edýän» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 389-njy maddanyň mazmunynda «talap arza» diýen sözleri «hak isleýiş arza» diýen sözlere çalşyrmaly.
6. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 118-nji madda; 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2016 ý., № 4, 166-njy madda; 2017 ý., № 4, 143-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda, № 4, 109-njy madda; 2021 ý., № 1, 19-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 30-njy madda, № 3, 74-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 38-nji madda; 2024 ý., № 1, 7-nji madda):
93-nji maddanyň 5-nji bendinde, 107-nji maddanyň ikinji böleginiň 8-nji bendinde, 126-njy maddanyň birinji böleginde we 132-nji maddanyň üçünji böleginiň 7-nji bendinde «ýa-da toksikomaniýadan» diýen sözleri «, toksikomaniýadan ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan» diýen sözlere çalşyrmaly;
125-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Çagany perzentlige almagyň hakyky däl diýlip ykrar edilen halatynda, çagany perzentlige almak hakynda häkimiň kararynyň çykarylan gününden başlap, çagany perzentlige almak we onuň bilen bagly amala aşyrylan hereketler hakyky däl diýlip ykrar edilýär.».
7. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda; 2017 ý., № 1, 28-nji madda, № 4, 142-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 4, 80-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; 2022 ý., № 2, 27-nji madda, № 3, 73-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda, № 3, 73-nji madda, № 4, 89-njy madda, 2024 ý., № 1, 5-nji madda):
115-nji maddanyň ikinji böleginde «zeleliň öwezini dolmak hakynda» diýen sözlerden soň «, nika bozmak hakynda» diýen sözleri goşmaly;
192-nji maddada:
üçünji we dördünji böleklerde «haklydyr» diýen sözden soň degişlilikde «, şu maddanyň bir belgili bäşinji böleginde görkezilen halatlar muňa degişli däldir» diýen sözleri goşmaly;
bäşinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«51. Maşgala işleri boýunça önümçilikde kazyýet tarapyndan esassyz diýlip hasap edilen sebäpler boýunça jogap beriji kazyýet mejlisine gelmese, ol kazyýetiň kesgitnamasy boýunça mejbury getirilmäge sezewar edilip bilner.»;
292-nji maddanyň birinji böleginde «döwlet notarial edarasynyň» diýen sözlerden soň «ýa-da hususy notariusyň edara jaýynyň» diýen sözleri goşmaly.
8. 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky «Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 137-nji madda; 2018 ý., № 4, 91-nji madda):
1) 1-nji maddada:
1-nji bentde «fiziki şahs (çak edilýän pida)» we «pidalaryna barabar etmek» diýen sözleri degişlilikde «fiziki şahs — çak edilýän pida (mundan beýläk — çak edilýän pida)» we «pidalaryny kesgitlemek» diýen sözlere çalşyrmaly;
5-nji bentde «pidalaryna barabar etmek» diýen sözleri «pidalaryny kesgitlemek» diýen sözlere çalşyrmaly;
13-nji bentde «barabar etmek» diýen sözleri «kesgitlemek» diýen söze çalşyrmaly;
2) 3-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde we 33-nji maddanyň dördünji böleginde «barabar edilen» diýen sözleri «kesgitlenilen» diýen söze çalşyrmaly;
3) 5-nji maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde «barabar etmekde» diýen sözleri «kesgitlemekde» diýen söze çalşyrmaly;
4) 12-nji maddanyň birinji tesiminde we V babyň adynda «barabar etmek» diýen sözleri «kesgitlemek» diýen söze çalşyrmaly;
5) 17-nji maddanyň birinji böleginde «barabar etmegi» diýen sözleri «kesgitlemegi» diýen söze çalşyrmaly;
6) 21-nji maddada:
adynda, birinji, ikinji we altynjy böleklerde «barabar etmek» diýen sözleri «kesgitlemek» diýen söze çalşyrmaly;
üçünji bölekde «barabar edilmegine» diýen sözleri «kesgitlenilmegine» diýen söze çalşyrmaly;
dördünji we ýedinji böleklerde «barabar edilip» diýen sözleri «kesgitlenilip» diýen söze çalşyrmaly;
bäşinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«5. Adam söwdasyndan ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan ejir çekmegi mümkin bolan çak edilýän pidanyň şahsy maglumatlar kagyzynyň görnüşi we ony doldurmagyň tertibi adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemegiň tertibi bilen düzgünleşdirilýär.
Adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.»;
sekizinji bölekde «barabar edilmegi» diýen sözleri «kesgitlenilmegi» diýen söze çalşyrmaly;
7) 22-nji maddanyň birinji böleginde «barabar etmegi» diýen sözleri «adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemegi» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 12-nji apreli.