Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi bassyr 50 ýyl bäri ýurdumyzyň sungat akabasynyň sakasynyň durnagöz çeşmeleriniň biri bolup gelýär.

Halkymyzyň aýdym-saz, nakgaşlyk sungatynyň ösüş ýolunda özboluşly orna eýe bolan bu sungat ojagy 1975-nji ýylyň awgustynda döredilýär. Häzirki wagtda 90 töweregi mugallymyň zähmet çekýän, zehinli ýaşlaryň 260-a golaýynyň hünär alýan mekdebine şol döwürde zehinli mugallymlaryň 20-si işe çekilýär we ilkinji gezek 60 talyp okuwa kabul edilýär. Mekdebiň ilkinji direktory wezipesine doganlyk Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäheriniň döwlet konserwatoriýasyny tamamlan Ilaman Babaýew bellenilýär. 1978 – 1985-nji ýyllarda mekdebe guramaçy ýolbaşçy Jumabaý Rozyýew, 1985-nji ýyldan 2019-nji ýyla çenli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sungatynyň ösmegine goşan önjeýli goşandy üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan Bäşim Berdiýew ýolbaşçylyk edýär. B.Berdiýew sungat mekdebinde agzybir, jebis, öz kärine ussat hünärmenleriň jemlenmegini, mugallymlardan we zehinli ýaşlardan ybarat döredijilik toparlarynyň birnäçesiniň döredilmegini, olaryň ýurt we halkara derejesinde üstünlikli çykyş etmeklerini gazanýar.

Onuň gös-göni ýolbaşçylygyndaky hor topary dürli döwürlerde Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň birnäçe şäherlerinde, Latwiýa, Gyrgyzystan döwletlerinde üstünlikli çykyş edýär. Bu toparyň 1998-nji ýylda Türkiýe döwletiniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen II halkara Hor festiwalynda 1-nji orna mynasyp bolmaklygy tutuş türkmen sungatynyň üstünligi diýip buýsanç bilen aýdyp bolar. Bäşim Berdiýewiň mekdebiň tejribeli mugallymy Döwlet Sahatow bilen bilelikde 2008-nji ýylda döreden «Owaz» akapella toparynyň özboluşly, ajaýyp ýerine ýetirijiligi bilen aýdym-saz muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanmagy hem döredijilikli gözlegleriň netijesidir. Ýerine ýetirýän eserleriniň sanawynda türkmen we daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň döreden ajaýyp eserleriniň onlarçasy bolan «Miras» orkestriniň (ýolbaşçysy Narkuly Hüseýinow), hor toparynyň (ýolbaşçysy Bäşim Berdiýew), kamera we ýaşlar simfoniki orkestrleriniň (ýolbaşçylary Serdar Jumaýew, Sona Jumaýewa) döwlet we welaýat derejesinde geçirilýän toý-baýramlardaky, festiwallardaky, türkmen telewideniýesiniň «Altyn asyr: Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Türkmen owazy» ýaýlymlaryndaky çykyşlary, sungat mekdebiniň abraýyny artdyrýar.

– Mekdebimizde tejribeli, ussat mugallymlar Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýew, Türkmenistanyň halk bagşysy, welaýat medeniýet müdirliginiň ýanyndaky bagşylar toparynyň ýolbaşçysy Gurbandurdy Öwezow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri, kompozitor Batyr Soltanow, halypa nakgaş Myrat Baltaýew, Döwlet Sahatow, Narkuly Hüseýinow, şeýle hem halypalar Täzegül Joraýewa, Ýuliýa Jumaýewa, plektorly dutarlaryň 30-dan gowrak görnüşini kämilleşdiren, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Allaberdi Ergeşow, zehinli mugallymlar Alymjan Işankulyýew, Babakul Jorakulyýew dagylar zehinli ýaşlara hünär öwretmek bilen birlikde baý iş tejribesini ýaşlar bilen paýlaşýarlar. Bu halypalaryň ýetişdiren şägirtleri ýurdumyzda belli sungat ussatlary bolup ýetişýärler. Biz olaryň hataryna Türkmenistanyň halk artistleri ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary Atajan Berdiýewi, Gözel Öwezowany, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünowy we beýlekileri goşup bileris. Mekdebimiziň ýubileýiniň bellenilýän günlerinde aramyzdan ir giden, hor dirižýorlygy mugallymy Akmyrat Taçowyň adyny hormat bile tutmalydyrys. Onuň ýolbaşçylygynda hor döredijilik toparynyň Moskwada geçirilen Bütinsoýuz festiwalynda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp bolandygyny häzirlerem buýsanç bilen ýatlaýarlar. Biz bu gün halypa mugallymlar Myratgeldi Rahymowy, Kamiljan Nazarowy, Sergeý Zinçenkony ýatlap geçmäge hem borçludyrys – diýip, mekdebiň direktory Serdar Hakkyýew söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

– Mekdebimizde sungatyň dokuz görnüşi boýunça hünärmenleri taýýarlaýarys. Tejribeli mugallymlarymyz sungat we sazçylyk mekdepleri üçin okuw gollanmalarynyň hem onlarçasyny taýýarladylar. Bulardan başga-da hünärmenlerimiz welaýatyň çäginde ýerleşýän çagalar sungat mekdeplerinde yzygiderli bolup, öz kärdeşlerine usuly kömek berýärler – diýip, mekdebiň okuw-usulyýet işleriniň müdiri Batyr Akmyradow söhbetdeşligimiziň üstüni ýetirdi. Häzirki wagtda Lebap welaýat medeniýet müdirligine ýolbaşçylyk edýän, 2019 – 2023-nji ýyllarda bu sungat ojagynyň direktory wezipesinde üstünlikli zähmet çeken Bagtyýar Reýimow hem mekdebiň döredijilik toparlarynyň welaýatymyzda geçirilýän dürli medeni-syýasy çärelere, konsertlere yzygiderli gatnaşyp, tomaşaçylaryň sag bolsunyna mynasyp bolýandyklaryny hoşallyk bilen belledi.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda şanly sene mynasybetli taýýarlan dabaraly konserti hem aýdym-saz muşdaklaryny saz älemine seýle çykardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden eşretli eýýamyny wasp edýän aýdymlaryň, türkmen we dünýä belli nusgawy kompozitorlaryň ajaýyp saz eserleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi sungat mekdebiniň kämillik derejesiniň buşlugyna öwrüldi.