Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we ýurduň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tureskiniň horunyň we sopranosynyň konserti uly üstünlik bilen geçdi.


«Расцветали яблони и груши…» – aýdymyň awtorlaryny yglan edilmezden, konsert açyldy welin, tomaşaçylar onuň meşhur «Катюша» dessine bildiler, çünki halklaryň faşizme garşy şöhratly ýeňşine bagyşlanan hiç bir konsert onsuz geçmeýär.


Eýsem, Tureskiniň horunyň döredijilik toparynyň jadyly üstünliginiň syry nämede? Birinjiden, her aýdym ses akymlarynyň ýakymly utgaşmasydyr, ikinjiden, ol hor agzalarynyň sahnadan gürrüň berýän hekaýatydyr, üçünjiden, bu ýeňil horeografiýa, dördünjiden bolsa, tebigy sahna erkinligidir. Bu sanawy has-da uzaldyp dowam etmek bolardy.


Rus meşhur aýdymçylarynyň konsert maksatnamasynda uruş, ýeňiş we elbetde, parahatçylyk hakyndaky iň gowy aýdymlar bardy. «Три танкиста», «Казаки», «Смуглянка», «Тёмная ночь», «Журавли», «Синий платочек» ýaly aýdymlar-da şolardandy.


Konsertiň aýratyn bölümi –Türkmenistan baradaky aýdymlar.
– Siziň ýurduňyza birinji gezek gelşimiz däl, – diýip, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Mihaýil Tureskiý tomaşaçylara ýüzlendi. – Her gelenimizde-de siziň paýtagtyňyzyň ajaýyp gözelligine haýran galýarys. Türkmen halkynyň watançylygy we öz ýurduna bolan söýgüsi, ine, şunda ýüze çykýar.


Moskwaly myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine ýazylan «Aşgabat» aýdymyny ýerine ýetirdiler. Türkmen aýdymlaryndan şüweleňli «Garagum» we liriki «Bibijan» hem ýerine ýetirildi.


Soň bolsa sahna zaldaky çagalar çagyryldy. Otuzdan gowrak oglan-gyz Tureskiniň horuna goşulyp, meşhur aýdymçylar bilen bilelikde «Пусть всегда будет солнце» aýdymyny ýerine ýetirdi.


Aleksandr Alýabýewiň «Соловей» romansy Tureskiniň horunyň maksatnamasyndaky baş eserdir. Romansy ýerine ýetiren Mihaýil Kuznesowa bolsa tebigy özboluşly erkek soprano sesini beripdir. Zal bu ajaýyp çykyşyň ýekeje owazyny hem sypdyrmazlyk üçin bir gulaga öwrülip doňdy.


Konsert programmasy «Size bagt arzuw edýäris!» aýdymy bilen tamamlandy. Ony zal bilen sahna bilelikde ýerine ýetirdi. Sebäbi artistler hem, tomaşaçylar hem bu agşam mähir duýgusy bilen dolup, birek-birege bagt arzuw etdiler.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin sahna çykyp, zehinli topara hoşallyk bildirdi we bu duşuşygyň soňky bolmazlygyna, onuň hökman gaýtalanjagyna umyt bildirdi.